Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça bu ýurda 3 günlük resmi saparyny amala aşyrýar. Eýranyň Prezidentiniň Hindistana sapary şu gün tamamlandy. Onuň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklaryň netijesinde, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hem-de energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli ugurlarda ylalaşyldy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň 2016-njy ýylyň maý aýynda Tährana amala aşyran sapary bilen has-da işjeňleşdi. Şol saparyň çäklerinde iki ýurduň arasynda söwda, energetika we infrastruktura ugurlary boýunça birnäçe ylalaşyklara gol çekilipdi. Nobatdaky sapar ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga hyzmat eder. Eýranyň Prezidentiniň ýany bilen köp sanly işewürler hem Hindistanda saparda boldy. Iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda-da ikiçäk gepleşikler geçirilip, özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek babatda ylalaşyklar gazanyldy. Eýranyň Çabahar portunyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak iki ýurduň ýokary derejeli döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky gepleşikleriň gün tertibine girizildi. Bu portuň üsti bilen Owganystana haryt satmak babatdaky ugurlar barada özara pikir alyşmalar boldy.
Eýran Hindistana çig nebit satýan öňdebaryjy ýurtlaryň biridir. Şol birwagtda Hindistan Eýranyň nebit-gaz pudagynda maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýan iri daşary ýurt maýadarydyr. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 12 milliard dollara deň boldy. Iki ýurduň döwlet ýolbaşçylary halkara derejelerindäki sammitleriň çäklerinde-de özara duşuşyklar geçirdiler. Şeýle hem Eýranyň, Hindistanyň hem-de Owganystanyň döwlet Baştutanlarynyň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk ýola goýuldy. 2016-njy ýylyň maý aýynda üçtaraplaýyn duşuşyk Tähranda geçirilipdi.