Ab­ra­ka­dab­ra! Ja­dy­nyň ny­şa­ny­na öw­rü­len bu söz di­ňe bir göz­bag­çy­lar ta­ra­pyn­dan ula­nyl­man, eý­sem, ar­zuw­la­ry­ňy ama­la aşy­ry­jy gud­rat­ly söz hök­mün­de ça­ga­lar ta­ra­pyn­dan hem ula­nyl­ýar. Köp­ler müň­ler­çe ýyl­lyk ta­ry­hy bo­lan bu sö­züň şy­pa be­ri­ji hä­si­ýe­ti­niň bar­dy­gy­na, er­bet güýç­ler­den go­ra­ýan­dy­gy­na ynan­ýar. Dür­li emel­le­ri gör­kez­ýän göz­bag­çy­lar tä­sin bir ýag­da­ýyň ýü­ze çyk­ma­gy üçin «ab­ra­ka­dab­ra» di­ýip gy­gyr­ýar. Şeý­le­lik­de, düý­bün­den bol­ma­jak bir gör­nüş köp­çü­li­giň öňün­de peý­da bol­ýar. My­sal üçin, şlýa­pa­nyň için­den tow­şan­jy­gyň gu­la­gy­ny üşerdip çyk­ma­gy, ýüzi şekilli kart­la­ryň hem­me­si­niň bir­meň­zeş açyl­ma­gy we ş.m.

Ab­ra­ka­dab­ra ara­meý di­lin­dä­ki «avra keh­dab­ra» söz dü­zü­min­den ge­lip çy­kyp, «aý­dy­şym ýa­ly ed­ýä­rin, diý­şim ýa­ly dö­red­ýä­rin» di­ýen ma­ny­la­ry ber­ýär. Ta­ry­hyň do­wa­myn­da bu söz beý­le­ki dil­le­re-de ge­çip, gud­rat­ly söz hök­mün­de ynan­ja öw­rü­lip­dir.

Ab­ra­ka­dab­ra sö­zi il­kin­ji ge­zek II asyr­da rim luk­ma­ny Kwin­tus Se­re­nus Sam­mo­ni­ku­syň «Li­ber Me­dicina­lis» ki­ta­byn­da ag­za­lyp ge­çil­ýär. Bu ki­tap­da luk­man ab­ra­ka­dab­ra­nyň pi­ra­mi­da gör­nüş­de ýa­zyl­ma­ly­dy­gy­ny aýdyp, nä­sa­gyň boý­nun­dan asyl­ma­ly­dy­gy ba­ra­da­ky pi­ki­ri öňe sür­ýär. Luk­man bu sö­zi gyz­zyr­ma ke­se­li­ne gar­şy ula­nyp­dyr.

XVII asy­ra çen­li bu sö­züň luk­man­çy­lyk­da ula­ny­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, soň­lu­gy bi­len ab­ra­ka­dab­ra teatr sun­ga­ty­na ara­laş­ýar. Göz­bag­çy­lar teatr­da dür­li emel­le­ri ula­nyp, hal­ky güý­män­le­rin­de bu sö­zi aý­dyp baş­la­ýar­lar. Teatr­da il­kin­ji ge­zek bu söz 1812-nji ýyl­da Wil­ýam To­mas Monk­rif ta­ra­pyn­dan spek­takl­da ula­nyl­ýar. Ab­ra­ka­dab­ra sö­zü­niň aý­dy­ly­şy we eşi­di­li­şi to­ma­şa­çy­lar­da ja­dy­ly bir pur­sada ga­raş­ýan ýa­ly duý­gy­ny dö­red­ýär. Bu söz hä­zir­ki döw­rüň göz­bag­çy­lyk sun­ga­ty­nyň hem iň meş­hur jüm­le­le­ri­niň bi­ri­dir.