Ýurdumyzyň ýaş alymlary 27–29-njy noýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynda «Sirius» bilim merkeziniň guramagynda geçirilen Ýaş alymlaryň IV maslahatyna gatnaşdylar. Bu ýaşlar forumynda ýurdumyza S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary wekilçilik etdiler.
Ýaş alymlaryň IV maslahaty 2024-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda yglan edilen Ylym we tehnologiýalar onýyllygynyň çäklerinde geçirilýän esasy halkara çäreleriň biridir. Bu forum 40-dan gowrak ýurduň ylym, işewürlik we döwlet häkimiýet wekillerini bir ýere jemläp, tejribe alyşmaga, öňdebaryjy ylmy çözgütleri ara alyp maslahatlaşmaga, innowasion taslamalary görkezmäge uly mümkinçilik berýär. Maslahat 7 müňden gowrak gatnaşyjyny, şol sanda ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny hödürleýän 800-den gowrak moderatory, çykyş edýänleri öz içine aldy. Halkara maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda, 200-den gowrak çäre, şol sanda iş duşuşyklary, ylmy pikir alyşmalar, sergiler, medeni çärelerdir sport ýaryşlary geçirildi.
Ýaş alymlaryň IV maslahaty dürli ýurtlaryň alymlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak we ylmy ösüşiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy. Ýaşlar dürli ugurlarda özara tejribe alyşdylar, täze başlangyçlary öňe sürdüler. Bu çäre ýaş alymlardyr hünärmenleriň ylym-bilim mümkinçiliklerini ösdürmäge uly ýardam etdi.
Aýgül BAÝRAMOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.