Hytaýyň Lýuçžou şäheriniň golaýynda ýakyn wagtlarda dünýäniň tokaýlyklara bürenen ilkinji ýaşaýyş toplumy gurlar. Bu ýerdäki binalar agaçlar hem-de dürli ösümlikler bilen örtüler. Şeýle taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň esasy maksady ýerli howa şertlerini zyýanly zatlardan goramakdan hem-de howany arassalamakdan ybarat. Garaşylyşy ýaly, “Lýuçžou Forest Siti” ýaşaýyş toplumynda 30 müň adam ýaşar. Tokaý şäheriniň taslamasynyň üstünde italiýaly binagärler işleýär. Olaryň pikirine görä, bu ýaşaýyş toplumynda ekiljek agaçdyr ösümlikler her ýyl ortaça, 10 müň tonna kömürturşy gazyny hem-de 57 tonna dürli hapa gazlary özüne siňdirip, 900 tonna kislorod bölüp çykarar. Edara binalary, ýaşaýyş jaýlary we hassahanalar dolulygyna 40 müň agaç hem-de 100-den gowrak görnüşli millionlarça ösümlikler bilen örtüler. Lýuçžou bilen adybir tokaý şäherine garaýol hem-de demirýol çekiler. Bu şäherde elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň hyzmatyndan peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Şäher tutuşlygyna Gün energiýasy bilen üpjün ediler.