4-6-njy dekabr aralygynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi we onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň maslahaty geçirilýär.
Çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet edaralarynyň wekillerinden ybarat uly topar, ýurdumyz bilen ozaldan hyzmatdaşlyk edip gelýän, şeýle hem täze önümleri we hyzmat ugurlary bilen türkmen bazaryna girmäge gyzyklanma bildirýän türk kompaniýalarynyň, eksportçylar birleşmeleriniň 70-den gowragynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri paýtagtymyza geldiler. Şu gezekki serginiň esasy maksady dostlukly ýurduň kompaniýalaryna türkmen bazarynda öz önümlerini tanyşdyrmak üçin amatly şertleri döretmekden we täze işewürlik mümkinçilikleri açmakdan ybaratdyr.
Üç günläp dowam etjek köpugurly sergide türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy, ýagny senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlary, gurluşyk serişdeleri, hojalyk we elektronika tehnikalary, öý hojalyk harytlary, dokma önümleri görkezilýär.
Ýurdumyzda her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen sergide senagatyň dürli ugurlary boýunça Türkiýäniň ösen sebitleriniň eksportçylar birleşmeleriniň sergi diwarlyklaryna möhüm orun berlipdir. Bu sergi türkiýeli önüm öndürijileriň giň mümkinçiliklerini görkezmek bilen, ýokary tehnologiýalary, innowasion işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Eksport harytlarynyň sergisiniň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty hem geçirildi. Onuň esasy maksady geljek üçin ägirt uly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybarat boldy. Foruma gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmeginde bu çäräniň möhüm ähmiýetini bellediler. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmun bilen baýlaşdyryldy. Nygtalyşy ýaly, şeýle işewürlik duşuşyklary ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Iki ýurduň arasynda yzygiderli artýan söwda dolanyşygynyň möçberi hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.
Türkmen tarapynyň wekilleri öz çykyşlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we gazananlary, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi barada durup geçdiler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýyny häsiýetlendirýän görkezijiler ýurdy ulgamlaýyn esasda has-da ösdürmegiň ýörelgelerine berk esaslanmak bilen, örän özüne çekiji bolup durýar. Ykdysady ösüşiň uly kuwwaty nebitgaz, ulag, gurluşyk, himiýa, energetika we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda, durmuş ulgamynda ägirt uly özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirmäge şert döredýär.
Türkmenistan we Türkiýe hyzmatdaşlygyň kuwwatyny okgunly artdyrýar. Soňky ýyllarda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynda bilelikdäki iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy we häzirki wagtda täzeleri durmuşa geçirilýär. Geljegi uly, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary halkara abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalaryny beýan etmek bilen, türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryna has-da işjeň gatnaşmak isleýändiklerini aýtdylar.