Şu ýy­lyň 16-njy few­ra­lyn­da Hy­ta­ýyň Aý se­ne­na­ma­sy­na gö­rä, Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­nyň da­ba­ra­la­ry baş­lan­dy. Ol ýur­duň iň uly hem-de uzak wagt­lap do­wam ed­ýän baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň bi­ri­dir. Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy döw­rün­de ýur­duň ila­ty 15-21-nji few­ral ara­ly­gyn­da, ýag­ny 7 gün dynç al­ýar. Kä ýer­ler­de 15 gün do­wam ed­ýär. Ir­ki dö­wür­ler­de bu baý­ram­çy­lyk gün­le­rin­de 1 aý­lap dynç al­nyp­dyr. Ýö­ne hä­zir­ki dö­wür­de 1 aý­lyk dynç al­şyň köp bo­lan­dy­gy üçin azal­dy­lyp­dyr.
Hy­taý­ly­lar Tä­ze ýy­ly ba­ha­ryň baş­lan­gy­jy hök­mün­de ka­bul ed­ýär­ler. Bu baý­ram­çy­lyk­dan soň­ra ekin iş­le­ri­ne gi­ri­şil­ýär. Hy­taý­da Tä­ze ýy­l gy­şyň ýaz bi­len du­şuş­ma­gy hem-de tä­ze ha­sa­bat döw­rü­niň baş­lan­ma­gy hök­mün­de ka­bul edil­ýär.
Azi­ýa yklymynda Tä­ze ýyl maş­ga­la baý­ram­çy­ly­gy hök­mün­de bel­len­ýär. Bu dö­wür­de maş­ga­la ag­za­la­ry bir ýe­re jem bo­lup, baý­ram­çy­ly­gy giň­den bel­le­ýär­ler. Şo­nuň üçin bu baý­ram­çy­lyk döw­rün­de Hy­taý­da ulag ul­ga­myn­da gyz­ga­laň­ly dö­wür baş­lan­ýar.
Ýur­duň äh­li ýe­rin­de dür­li baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri ge­çi­ril­ýär. Bu da­ba­ra­lar as­ma­na fe­ýer­werk at­mak bi­len baş­lan­ýar. Hy­ta­ýyň Guanç­žou şä­he­rin­dä­ki dün­ýä­niň iň be­ýik ikin­ji te­le­di­ňi bo­lan “Can­ton To­wer”-de yşyk­ly gör­kez­me çy­kyş­la­ry köp­le­riň ün­sü­ni çek­ýär. Tä­ze ýyl it ýy­ly bo­lan­dy­gy üçin ýur­duň köp ýe­rin­de äpet it heý­kel­le­ri di­kil­di.
Hy­taý heý­kel­ta­raş­la­ry Tä­ze ýy­lyň öňü­sy­ra­syn­da Lýao­ni­niň Şen­ýan şä­he­ri­ne go­laý ýer­de gar­dan äpet it­le­riň heý­ke­li­ni ýa­sa­dy­lar. “Xin­hua” agent­li­gi­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, 60 müň kub­metr gar­dan dört gü­jük­li itiň heý­kel kom­po­zi­si­ýa­sy­ny dö­ret­mek üçin 100-den gow­rak heý­kel­ta­raş hep­de­läp zäh­met çek­ipdirler. Heý­ke­liň be­lent­li­gi 20 metr, ini 55,66 metr, uzyn­ly­gy bol­sa, 120 metr­den yba­rat.
Kö­çe­ler dür­li reňk­li çy­ra­lar bi­len be­ze­lip, äh­li ýer­ler­de pla­kat gör­nü­şin­dä­ki it­le­riň şe­kil­le­ri, heý­kel­le­ri­dir su­rat­la­ry ýer­leş­di­ril­di. Dü­kan­lar­da adat­ça ýü­pek­den edi­len dür­li öl­çeg­ler­dä­ki oý­na­waç it­ler uly meş­hur­ly­ga eýe bol­dy.