9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, 12-nji dekabrda uly baýramyň – Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilip geçiljekdigini aýtdy hem-de ýygnananlary we ähli halkymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady. Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris. Olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirip durýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýew iş kesilen adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, iş kesilen 276 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Toparyň ýolbaşçysyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmek barada görkezmeleri berdi.
2025-nji ýyl Türkmenistan üçin möhüm ýyllaryň biri bolar
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyza Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan döwletimiziň daşary syýasatyna, halkara gatnaşyklaryna bagyşlanan Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, bu duşuşygyň hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki alyp barýan işleriniň netijelerine berýän bahasyna, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamynda eýeleýän ornuny berkitmegiň ýollary, häzirki we ýakyn döwürde milli diplomatiýamyzyň işiniň ugurlary baradaky garaýyşlaryna düşünmek babatda gowy mümkinçilikdigi nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistan üçin möhüm ýyllaryň biri bolar. Şunda uly şanly seneleri – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny hem-de ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini aýratyn bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen döredilen guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara çäreleri hyzmatdaşlar bilen bilelikde mynasyp derejede geçirmek üçin ähli zerur işleriň alnyp baryljakdygyna üns çekildi.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylda ýurdumyzyň teklibi boýunça 4 sany Kararnamanyň – «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»; «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy»; «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilendigi aýdyldy. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama bolsa ynsanperwer ulgamda ýurdumyzyň tagallalaryna berilýän ýokary bahadan nyşandyr. Bu resminama dürli halklaryň arasynda dostlugyň, hyzmatdaşlygyň we raýdaşlygyň pugtalandyrylmagy babatda uly ähmiýete eýedir. Sebit we ählumumy derejede parahatçylygy goldamaga gönükdirilen bu Kararnamalaryň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.
Wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işiniň kämilleşdirilmegine berýän aýratyn ünsi hem-de yzygiderli goldawlary, hususan-da, gullugyň işgärler düzümini taýýarlamak, guramaçylyk, maliýe we maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, diplomatlaryň iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda edýän uly tagallalary üçin hormatly Prezidentimize diplomatik gullugyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol şu mejlisde beriljek tabşyryklardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, daşary ýurtlardaky ilçihanalar, konsullyklar, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalar tarapyndan «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» esaslanyp, 2025-nji ýylda daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen syýasy, daşary ykdysady gatnaşyklary has-da berkitmek, medeniýet, ylym, bilim, durmuş ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin maksatnamalaýyn işleriň alnyp baryljakdygyna ynandyrdy.
2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün 2024-nji ýylda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna degişli alnyp barlan işleriň jemleriniň jemleniljekdigini, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylda möhüm ähmiýetli halkara çäreler geçirildi. Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden bellenildi. Daşary ýurtlarda bu şanly sene bilen bagly wajyp ähmiýetli çäreleriň 170-e golaýy geçirildi. Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly ýubileýine bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi esasy waka boldy.
Döwlet Baştutanymyz geljek ýylda-da Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň hem möhüm waka bolup durýandygyny, gurama agza ýurtlaryň köpüsiniň biziň bu başlangyjymyzy goldamagynyň ýurdumyz üçin uly abraýdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iri halkara ähmiýetli resminamanyň taýýarlanylmagyna ünsi çekip, şol resminamada Bitaraplygyň kadalarynyň aýdyň beýan edilmelidigini belledi we Daşary işler ministrligine bu ugurda ýurdumyzyň ilçihanalary, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalary üçin degişli gözükdirijileri işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynda döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde hem özara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilmelidigini aýdyp, 11-nji dekabrda Aşgabatda şol toparyň ýokary derejedäki mejlisiniň geçiriljekdigini belledi.
Ýakynda Daşary işler ministrliginiň düzüminde täze Daşary syýasy maglumatlar we sanly diplomatiýa departamenti döredildi. Şeýle hem ilçihanalarymyzyň birnäçesinde metbugat attaşesi wezipesini girizmek hakynda karar kabul edildi. Bu işleriň ählisi bir maksada gönükdirilen ulgamlaýyn ädimlerdir. Ýagny ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmaga, daşary syýasatymyzyň many-mazmunyny düşündirmäge niýetlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň halkara giňişlikde özüni aýdyň görkezmelidigini, maglumat beriş işlerinde öňde goýlan wezipeleriň has giň gerimli bolmalydygyny, Bitarap döwletimiziň baý taryhynyň, medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň, gadymy ýadygärlikleriniň, özboluşly, ajaýyp tebigatynyň, häzirki zaman «akylly» şäherleriniň, ähli ugurlarda gazanýan uly üstünlikleriniň beýan edilmelidigini aýtdy.
Türkmenistan BMG bilen bilelikdäki maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär
Hormatly Prezidentimiz geljek, 2025-nji ýylda ýurdumyzyň daşary syýasat we diplomatiýa işiniň esasy wezipesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen Kararnamalary durmuşa geçirmekden ybarat bolup durýandygyny aýtdy we BMG-ä agza ýurtlardan başga-da, guramanyň Sekretariaty bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlygy alyp barmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri amala aşyrýandygyna ünsi çekdi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy», «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň bilelikdäki maksatnamasy bar. Şeýle-de şu ýylyň 6-njy dekabrynda «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şol mejlisiň jemleri boýunça «2025–2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasy» kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynyň örän giň gerimlidigini we köp sanly meseleleri öz içine alýandygyny belläp, geljek ýylda-da Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejede öz hyzmatdaşlygyny berkitmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky, Hazarýaka sebitdäki döwletler bilen doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirjekdigini, Günorta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Aziýa–Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürjekdigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki döwürde şol sebitlerde ählumumy ykdysady we tehnologik ösüşleriň gazanylýandygyny, bu sebitleriň ýurtlarynyň hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Ýewropa we Amerika ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek hem dowam etdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şol ýurtlar bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda, «ýaşyl» energetika geçmekde, emeli aňy ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge, daşary syýasatymyzda Afrika ýurtlary bilen hem gatnaşyklara aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanyndaky ähli wekillerine ýüzlenip, geljek ýyl köptaraplaýyn diplomatiýanyň örän möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ünsi çekdi we Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň garaýyşlaryny goldaýan, ýurdumyza bu ugurda netijeli goldaw berýän döwletleriň sanyny artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan şanly seneleri, baýramçylyk dabaralaryny mynasyp garşylamak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, şu ýylyň sentýabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerini geçirmek boýunça guramaçylyk komitetiniň döredilendigini belledi hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine guramaçylyk komitetiniň ilkinji mejlisini geljek ýylyň ýanwarynda geçirmäge taýýarlyk görmegi, onuň gün tertibi boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy we komitetiň şol mejlisinde geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanyljakdygyny aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, dünýä bileleşigi bilen geljek, 2025-nji ýylda örän möhüm taryhy we şanly senäni – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerini ajaýyp wakalar, uly üstünlikler bilen mynasyp garşylamak üçin yhlasly işlemelidigini aýtdy we ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň halkara giňişlikde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda uly işleri alyp barjakdyklaryna berk ynam bildirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlaryny we daşary ýurt raýatlaryny «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň geçiren Hökümet mejlisiniň dowamynda örän möhüm meselelere seredilendigini we ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň kesgitlenendigini, milli diplomatik gullugyň öňünde täze wezipeleriň goýlandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ol döwlet
Baştutanymyzyň Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda gol çeken Kararynyň möhüm ähmiýetini nygtap, gullugyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi we öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geljek ýylda birnäçe möhüm çäreleriň meýilleşdirilýändigine ünsi çekip, milli diplomatik gullugyň işgärleriniň Türkmenistanyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda netijeli işlejekdiklerine berk ynam bildirdi.
* * *
Şol gün Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soňra, «Oguz han» köşkler toplumynda hormatly Prezidentimize, şeýle hem Hökümet agzalaryna, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy.