Russiýada şu ýylyň 18-nji martynda geçiriljek uly möhüm waka – Prezident saýlawlaryna gyzyklanmalar has-da artýar. Russiýa Federasiýasynyň baştutanlygyna dalaşgärler saýlawyň öň ýanyndaky kampaniýalara işjeň gatnaşýarlar.
Kanuna laýyklykda, 17-nji fewraldan 16-njy mart aralygynda dalaşgärleriň telewideniýe, radio we habar beriş serişdeleri arkaly saýlawyň öň ýanyndaky maksatnamalaýyn çykyşlary dowam edýär. Saýlawyň öň ýanyndaky gün “dymyşlyk güni” bolar. Onuň netijeleri 30-njy marta çenli kesgitlenip, 1-nji aprele çenli resmi ýagdaýda mälim ediler. Russiýa Federasiýasynyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Russiýanyň täze Prezidenti alty ýyllyk möhlet bilen gizlin ses bermek arkaly saýlanar. Prezident saýlawlaryna syýasy partiýalaryň dalaşgärleri we garaşsyz dalaşgärler gatnaşyp bilýärler.
2018-nji ýylyň 18-nji martynda geçiriljek prezident saýlawlaryna 8 dalaşgär gatnaşyp, olar RLDP-niň ýolbaşçysy Wladimir Žirinowskiý, “Russiýanyň ählihalk bileleşiginiň” dalaşgäri Sergeý Baburin, RFKP-niň dalaşgäri Pawel Grudinin, häzirki Prezident Wladimir Putin, “Raýat başlangyçlary” partiýasynyň dalaşgäri Kseniýa Sobçak, “Russiýanyň kommunistleri” partiýasynyň dalaşgäri Maksim Suraýkin, “Ösüş partiýasynyň” dalaşgäri Boris Titow, “Ýabloka” partiýasyndan Grigoriý Ýawlinskiý dagydan ybaratdyr.