“Lenta.ru” saýtynyň habar bermegine görä, täze prezident 15-nji fewralda saýlanyp, 17-nji fewralda hem ýurduň parlamentiniň mejlisinde kasam kabul etdi. Kasam kabul edişlik dabarasyna žurnalistler we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar. Täze Prezident ýurduň raýatlaryna korrupsiýa bilen bagly göreşde tagallasyny gaýgyrmajakdygyny wada berdi. Mundan ozal, Günorta Afrika Respublikasynyň ozalky Prezidenti Jeýkob Zuma telewideniýe arkaly halka ýüzlenmesinde işinden gidýänligini mälim edipdi. Siril Ramaposanyň 65 ýaşy bar. Ol ýurduň Limpopa uniwersitetiniň hukuk fakultetini tamamlap, 1970-nji ýyllarda syýasy karýerasyna başlaýar. Ol 1991-nji ýylda Nelson Mandelanyň başlyklygyndaky milli maslahatda Afrikanyň milli kongresiniň baş sekretarlygyna saýlanylýar. 2014-nji ýylda Siril Ramaposa Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary wezipesinde zähmet çekýär. 2017-nji ýylyň dekabryndan bäri bolsa, Afrikanyň milli kongresiniň başlygy bolup işleýärdi.