Ysraýylyň “Delek Drilling” kompaniýasy Müsüre tebigy gaz akdyrmak babatda umumy bahasy 15 milliard dollara barabar bolan şertnama gol çekilendigini habar berdi. Bu ylalaşyk Ysraýylyň tebigy gaz pudagynyň şu wagta çenli iň iri geleşigidir. Degişli ylalaşyga Ysraýylyň “Delek” şereketi we ABŞ-nyň “Noble” kompaniýasy bilen Müsüriň “Dolphin Energy” şereketiniň arasynda gol çekildi. Şertnama laýyklykda, 10 ýylyň dowamynda 65 milliard kubometr tebigy gaz ibermek göz öňünde tutulýar.
2030-njy ýyla çenli Müsüre iberiljek 65 milliard kubometr möçberindäki tebigy gaz Ysraýylyň Ortaýer deňzindäki “Tamar” hem-de “Lewiafan” gaz känleriniň her birinden çykaryljak 32,5 milliard kubometriň hasabyna ibermeklik meýilleşdirilýär. Müsürde senagat, nebit-himiýa senagaty we elektrik energiýa önümçiliginde tebigy gazdan peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Şonuň üçin 2019-njy ýyldan başlap, tebigy gaz akdyrylyp başlanar. “Lewiafan” gaz käniniň gory 621 milliard kubometre barabardyr. Ony 2019-njy ýylda ulanmaga girizmek maksat edinilýär. Häzirki wagtda “Tamar” gaz käninden peýdalanylýar. Bu ýatakdan çykarylan tebigy gaz Ysraýylyň içerki bazarynda sarp edilýär.