Gazagystan Respublikasy 2025-nji ýyla çenli nebit we gaz kondensaty önümçiligini 107,3 million tonna ýetirmegi göz öňünde tutýar. Bu görkeziji Gazagystanyň Prezidentiniň ýurdy ösdürmek babatdaky strategik maksatnamasynda kesgitlenendir. 2017-nji ýylda ýurtda nebit we kondensatyň önümçiligi 86,2 million tonna barabar bolup, 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpdür. Maksatnama laýyklykda, ýakyn geljekde önümçiligi artdyrmak üçin “Kaşagan” hem-de “Tengiz” uglewodorod känleri özleşdiriler. Tebigy serişdeleri dolandyrmak üçin maglumat-tehnologiýa platforma toplumlary işe giriziler.