“UnionPay” töleg ulgamy Hytaýyň çäklerinde 20 million töweregi kart çykaryp, özüniň daşary ýurtlardaky hyzmatyny ýokarlandyryp, ulanyjylarynyň sanyny has-da köpeltmegi maksat edinýär diýip, “Sinhua” agentligi habar berýär. “UnionPay” kompaniýasynyň daşary ýurtlarda işlemek üçin niýetlenen şahamçasy “UnionPay International”-yň maglumatlaryna görä, “UnionPay” kartyny göterijileriň umumy sany daşary ýurtlarda 2017-nji ýylda 90 million adama ýetipdir.
“UnionPay” kartyny ulanyjylar dünýäniň 48 ýurdunda we sebitinde ýaşaýarlar. Mundan başga-da, 25 million töweregi kart “Ýüpek ýolunyň ykdysady zolagynyň” ugrundaky ýurtlarda çykaryldy. Laos, Mongoliýa, Mýanma ýaly ýurtlarda “UnionPay” töleg ulgamly bank kartlary uly meşhurlyga eýedir. Pakistanda “UnionPay” kartynyň 4,1 milliony, Russiýada 1,3 million töweregi ulanyşdadyr. Şeýle hem, ýene-de daşary ýurtlularyň köpüsi Hytaýda söwda etmek üçin şeýle kartlardan peýdalanýarlar. “UnionPay” karty ulanylyp, amala aşyrylýan tranzaksiýanyň (ylalaşygyň) mukdary Pakistanda geçen ýyl iki esse artdy, Täjigistanda we Gazagystanda takmynan, 50 göterim ýokarlandy. Mälim bolşuna görä, Ýewropada we ABŞ-da “UnionPay” kartyny çykarmak geçen ýyl 20 göterimden geçipdir. 2002-nji ýylda esaslandyrylan “China UnionPay” maliýe hyzmatlaryny hödürleýän korporasiýadyr. Kompaniýanyň ştab-kwartirasy Şanhaý şäherinde ýerleşýär.