2018-nji ýyl­da gal­la ha­sy­ly­ny ýyg­na­ma­gyň möç­be­ri­ni ge­çen ýyl­da­ky­dan az bol­ma­dyk muk­dar­da sak­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da Hy­ta­ýyň Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi ha­bar ber­di. Ýur­duň Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň “2018-nji ýyl­da eke­ran­çy­lyk pu­da­gyn­da­ky iş­le­riň esa­sy düz­gün­na­ma­syn­da” üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da gal­lanyň we bü­rün­jiň mi­ni­mal sa­tyn alyş ba­ha ul­ga­my­ny ýokarlandyrmak, dä­ne­li ekin­le­ri ýyg­ma­gyň we sak­la­ma­gyň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak, ýur­duň baş am­mar­la­ry­na ýar­dam ber­me­giň me­ha­niz­mi­ni kä­mil­leş­dir­mek, daý­han­la­ry zäh­met iş­jeň­li­gi­ne hö­wes­len­dir­mek we eke­ran­çy­lyk gur­lu­şy­ny has-da ös­dür­mek ýa­ly ugur­la­ryň has-da ile­ri tu­tul­jak­dy­gy öňe sü­rül­ýär. Şu ýyl HHR-iň Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi dä­ne önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça iş zo­lak­la­ry­ny hem-de oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça uly möç­ber­de zo­lak­la­ry dö­ret­me­gi has-da tiz­leş­dir­me­gi göz öňün­de tut­ýar. Ýur­duň sta­tis­ti­ka eda­ra­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ge­çen 2017-nji ýyl­da ýur­duň ta­ry­hyn­da 618 mil­li­on ton­na ba­ra­bar ikin­ji uly gal­la ha­sy­ly ýyg­nal­dy.