Gonsalesiň maşgalasy III ýüzýyllykda hem bu garbanyşhananyň eýeleridir. Bu ýere gelýänler üçin “Kastiliý”, “Filip IV” bölümi we çakyr saklanýan ýerzemin her gün açyk. Ortaça çegiň bahasy bolsa, 32 ýewro barabar. Madrid garbanyşhanasy “Sobrino de Botin”-iň esasy aýratynlygy açylan gününden bäri ýapylmandyr we salgysyny hem hiç üýtgetmändir. Gonsalesiň üçünji nesli garbanyşhananyň ähli zatlaryny aýawly saklaýar.
Odun peç bu ýeriň ýüzüni görkezýän esasy nyşanydyr. Ol döredilen gününden bäri işläp gelýär. Garbanyşhananyň eýeleri, işgärleri we bu ýere gelýänler bu peçi hakyky hazyna hasaplaýarlar. Bu üýtgeşik garbanyşhana şunuň ýaly del närsesi, üstesine-de, işläp duran peçi bilen magtanyp biler. Garbanyşhana dünýä belli amerikan ýazyjysy Ernest Hemingueýiň kyssalarynda hem telim sapar ýatlanylyp geçilýär. Awtor bu garbanyşhana barada diňe bir ýatlap geçmän, eýsem, öz gahrymanlarynyň üsti bilen ony dünýäniň iň gowy garbanyşhanasy diýip atlandyrypdyr. Garbanyşhananyň aşhanasy ozalbaşdaky düzülen nahar sanawy boýunça nahar berýär. Ol başdaky durkuny saklaýar. Bu ýerde bolýanlar Ispaniýanyň geçmiş taryhy hakda çuňňur oýa batanlaryny duýman galýarlar.