Du­ba­ýyň “Du­bai World Tra­de Cent­re” söw­da mer­ke­zin­de dün­ýä­niň iň gym­mat toý tor­ty köp­çü­li­ge hö­dür­len­di. Bu şi­rin näz-nyg­ma­tyň ba­ha­sy 1 mil­li­on dol­la­ra deň. 36 ýaş­ly meş­hur bri­tan di­zaý­ne­ri Deb­bi Uing­hem ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan bu öz­bo­luş­ly toý nyg­ma­ty gel­in gör­nü­şin­de şe­kil­len­di­ri­lip­dir. Bu tort Du­baý­da ge­çi­ri­len ýö­ri­te toý ýar­mar­ka­sy üçin dö­re­di­lip­dir. Bu nyg­ma­tyň esa­sy zy­na­ty bol­sa, göw­her be­zeg­le­ri­dir. Tor­tuň bo­ýy 182 san­ti­met­re ba­ra­bar bo­lup, ag­ra­my 100 ki­log­ram­dan gow­rak­dyr. Toý nyg­ma­ty­nyň esa­sy be­ze­gi üç ka­rat­lyk göw­her­ler bo­lup, onuň ba­ha­sy 200 müň dol­la­ra ba­ra­bar­dyr. Tort jan­ly gel­ne ça­lym edip, bu ýe­re ge­len­ler ha­myr­dan hem şeý­le üýt­ge­şik gö­zel­li­gi dö­re­dip bol­ýan­ly­gy­na haý­ran gal­dy­lar. Çä­re ge­çi­ri­len­den soň, göw­her­le­ri as­sy­ryn­lyk bi­len aýyr­dy­lar we bu toý tor­ty çä­rä ge­len­le­riň äh­li­si­ne paý­lan­dy.