Hytaý Halk Respublikasy Konstitusiýasyny üýtgetmegi maksat edinýär. Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň mejlisiniň kararyna laýyklykda, Esasy Kanunda Si Szinpiniň sosializm baradaky ideýalaryny ýatlap geçip, onuň adyny girizmegi meýilleşdirýärler. Şonuň ýaly hem, resminamanyň üsti diňe döwletiň baş ýolbaşçysyna hasabat berýän korrupsiýa garşy ýörite gulluk döretmek hakynda madda bilen doldurylar.
Şu hepdede öz işini tamamlan Kompartiýanyň MK-nyň II mejlisinde ýurduň ýokary partiýa ýolbaşçylary HHR-iň Konstitusiýasyna özgertmeler girizmek baradaky teklip bilen çykyş etdiler.
“Döwletiň Esasy Kanunynyň täze görnüşinde 2017-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň XIX gurultaýynda makullanan Döwlet syýasatynyň möhüm nazary gazananlary, ýörelgeleri we ugurlary bilen birlikde Si Szinpiniň täze eýýamda hytaý ýörelgesi bilen sosializm baradaky pikir-düşünjeleri beýan ediler”, diýlip, Hytaýyň “Global Times” gazetinde habar berilýär.
HHR-iň häzirki Konstitusiýasynda diňe iki adamyň – döwleti esaslandyryjy Mao Szedunyň hem-de Hytaýyň ykdysady özgertmelerini esaslandyryjy Den Sýaopiniň ady ýatlanyp geçilýär. Häzirki wagtda Hytaýda 1982-nji ýylda kabul edilen Konstitusiýa hereket edýär. Soňky gezek oňa üýtgetmeler 2004-nji ýylda hususy eýeçiligi kepillendirmek we adam hukuklaryny goramak baradaky bölümleri berkidilende girizilipdi. Konstitusiýany onuň şu aýda meýilleşdirilen halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň mejlisi üýtgedip bilýär.
Geçen ýylyň oktýabrynda geçirilen HKP-niň XIX gurultaýynda Si Szinpiniň ideýalary eýýäm, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň düzgünnamasynda berkidilipdi. Si Szinpiniň dolandyran bäş ýylynyň dowamynda korrupsiýa garşy berk çäreler amala aşyryldy.