Ýewrokomissiýanyň Albaniýany we Makedoniýany Ýewropa Bileleşigine kabul etmek barada tomsuň başyna çenli belli karara geljekdigini hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary syýasatyny giňeltmek boýunça Ýewropa Komissary Ýohannes Han mälim etdi. Ýewrokomissiýa tomsa çenli Ýewropa Bileleşigi ýurtlary Albaniýa hem-de ozalky Ýugoslaw Respublikasy Makedoniýa bilen bu ugurda gepleşikleri geçirmegi teklip eder diýlip, internet gazeti “Euobserver”-de habar berilýär. Ýewrokomissaryň sözlerine görä, Ýewropa Bileleşiginiň ýerine ýetiriji topary iki ýurduň hem bu ugurda möhüm özgerişlikleri amala aşyrandygyny hem-de bu ädimi ätmäge doly taýýardygyny aýan etdi. Häzirki wagtda Albaniýa (2014-nji ýyldan bäri), Makedoniýa (2005), Çernogoriýa (2010), Serbiýa (2012) we Türkiýe (1999) Ýewropa Bileleşigine girmäge resmi dalaşgärler bolup durýarlar. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigine birikmek üçin olaryň üçüsi – Türkiýe bilen 2005-nji ýylda, Çernogoriýa bilen 2012-nji ýylda we Serbiýa bilen hem 2014-nji ýylda gepleşikler başlanypdy.