26-njy fewraldan 1-nji mart aralygynda Ispaniýanyň Barselona şäherinde Bütindünýä mobil kongresi we sergisi (GSMA Mobile World Congress) geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu mobil dünýäsinde iň uly wakadyr. Serginiň 2300 gatnaşyjysy diňe bir öz täze enjamlaryny hödürlemän, eýsem, onuň çäklerindäki maslahatda öz tejribelerini hem paýlaşdylar.
Bu ýere öňdebaryjy mobil pudaklary – aragatnaşyk operatorlary, mobil enjamlaryny öndürijiler we multiserwis üpjün edijileri jemlendi. Çäräniň dowamynda kompaniýalaryň simsiz aragatnaşyk bazarynda öňdeligi eýeleýän baş dolandyryjylary mobil aragatnaşyk senagatynyň, şeýle hem, bu ugurda işleýän pudaklaryň ösüşiniň we geljegiň tehnologiýasynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. “Iň gowy geljegi döretmek” Bütindünýä mobil kongresiniň baş şygarydyr. Sergide “Samsung”, “LG”, “Huawei”, “Nokia” ýaly iri kompaniýalaryň enjamlary özüniň täze aýratynlyklary bilen has-da tapawutlandy.
Serginiň çäklerinde “Samsung” özüniň täze “Galaxy S9” we “Galaxy S9+” görnüşlerini köpçülige hödürledi. Mobil senagatynyň sergisi 1987-nji ýyldan bäri Barselonada geçirilip gelinýär.