Şu ýylyň mart aýynyň 8-18-i aralygynda geçiriljek Ženewa awtosergisi dünýäniň ähli awtoulag öndürijilerine we muşdaklaryna 88-nji gezek öz gapylaryny giňden açar. Çäräniň çäklerinde diňe bir ýewropaly öndürijileriň däl, eýsem, dünýä brendleriniň awtoulaglary hödürlener. Sergä hytaý, ýapon, amerikan awtokompaniýalary gatnaşar.
Serginiň ilkinji 2 gününde dünýäniň iň täze awtoulaglarynyň ilkinji resmi görkezilişi bolar. Şu döwürde maslahatlar we söhbetdeşlikler guralar. Ähli meýillere, tehniki ösüşlere nazar aýlap, 2018-nji ýylyň sergisinde elektromobillere we sürüjisiz awtoulaglara aýratyn üns berler diýip, ynamly aýtsaň bolar. Awtosergide ýaýbaňlandyryljak özboluşly täze awtoulaglar bu ýere gelip görýänleriň uly gyzyklanmasyna eýe bolar. Serginiň peteginiň bahasy 9 şweýsar frankyndan başlaýar.
Bu giň gerimli çärede birnäçe täze awtoulaglar hödürlenip, olaryň arasyndan, esasan, “Volkswagen Touareg”, “Bentley Bentayga”, “Audi A6”, “Ferrari 488 GTO”, “Audi Q7 E-tron”, “BMW X4”, “Hyundai Santa Fe”, “Jaguar I-Pace”, “Lexus UX”, “Skoda VisionX”, “Range Rover SV Coupe” ýaly täze awtoulaglar has öňe saýlanar.
Bu sergide hödürlenjek käbir awtoulaglar barada öňünden maglumat berilmeýär. “Geneva Motor Show 2018” sergisinde garaşylmadyk sowgatlar bolup, megerem, ýokarda sanalyp geçilen awtoulaglardan başga awtoulaglar hem sergide görkeziler diýlip garaşylýar.