Iňlis awtoulag kompaniýasy “Rolls-Royce” ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply awtoulagynyň täze tapgyryny çykarmagy niýet edinýär. Täze awtoulaga kompaniýanyň köp sanly özboluşly täzelikleri giriziler. Täze awtoulagyň synaglary üçin öndürijiler ýörite maksatnama işläp düzdüler.
Häzirki wagtda bu awtoulag uly trass ýollarda synagdan geçirilýär. Olarda, esasan, awtoulagyň şassisi barlanyp görülýär. “Rolls-Royce” kompaniýasy ünsüni, esasan, ulagyň bezeg aýratynlyklaryna gönükdirdi. Täze awtoulag iň ýokary tizlik bilen hereket etmäge ukyply bolar. Onuň kuwwatlylygyny has kämil hereketlendiriji V12 üpjün eder. Mundan ozal, kompaniýanyň wekilleri awtoulagyň ýoluň hiline garmazdan, iň rahat awtoulag boljakdygyny mälim edipdiler.
Britaniýalylar ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglary öndürijiler derejesinden sypaýylyk bilen daşlaşmak isleýärler. Olar öz döreden awtoulagyny beýik nowaly awtoulag diýip atlandyranlaryny kem görenoklar. Täze awtoulag “Cullinan” diýlip atlandyrylar. Ol diňe bir has gymmat bahasy bilen tapawutlanman, eýsem, “Rolls-Royce”-yň bütin taryhynda iň zynatly awtoulag bolar.
Kompaniýa özüniň “Phantom” atly sedanynyň täze görnüşini görkezenden soňra, bu awtoulagyny hem dessine köpçülige hödürlejekdigini mälim etdi.