Hytaý awtoulag öndürijisi “Zhejiang Geely Holding Group Co.” (Geely) ýakynda nemes kompaniýasy “Daimler”-iň 9,69% paýnamalaryny satyn alyp, onuň iri paýdary bolandygyny nemes kompaniýasy habar berdi. “Bloomberg” agentligi çeşmelere salgylanyp, geleşigiň pul mukdarynyň 7,5 milliard ýewro (9,2 milliard dollar) barabardygyny mälim etdi. Bahalar birža söwdasynda kompaniýanyň paýnamalarynyň nyrhyna laýyklykda, hasaby çykaryldy.
Hytaýyň bu kompaniýasy 2010-njy ýyldan bäri şwedleriň “Volvo Cars AB” we bir ýyldan bäri iňlisleriň “Lotus Cars Limited” atly sport we ýaryş maşynlaryny öndürijisine eýelik edýär.
“Daimler AG” dünýäniň iň iri awtokonsernleriniň biri bolup, oňa Russiýanyň “Kamaz” awtoulag zawodynyň 15 göterim paýnamasy degişlidir.
“Daimler AG” awtokonserni 1883-nji ýylda döredilip, 1926-njy ýylda kompaniýa “Daimler-Benz” paýdarlar jemgyýeti diýlip atlandyrylýar. 1998-nji ýylda amerikan awtoulag kompaniýasy “Chrysler” bilen birleşmegi netijesinde, “Daimler Chrysler AG” kompaniýasy döredilýär. 2007-nji ýylda awtoulag ägirdi ýene-de “Daimler” adyna eýe bolýar. Onuň häzirki wagtda 289,321 müň işgäri bar.
Hytaý awtokonserni “Geely” 1986-njy ýylda esaslandyryldy. Kompaniýa dünýäniň 43 ýurduna öz awtoulaglaryny satýar.