Arheologlara ite bolan söýginiň gadymy wagtlarda hem bolanlygyny ýüze çykarmak başartdy. Alymlar adamyň we onuň wepadar dostunyň ykbalynyň 14 müň ýyl mundan ozal hem baglanyşykly bolandygyny tassykladylar diýip, “Journal of Archaeological Science” žurnaly ýazýar. Belgiýanyň, Germaniýanyň we Niderlandlaryň barlag geçirijileri adamlaryň gadymy wagtlarda iti diňe bir aw awlamak ýa-da gorag üçin saklaman, eýsem, iň eziz görýän jandary hökmünde ýetişdirendiklerini tassyklaýarlar.
Arheologlar Germaniýanyň günbataryndaky Oberkassel etrabyndan paleolit döwrüne degişli iki itiň ystyhanyny ýüze çykaranlaryndan soň, şeýle netijä geldiler. Barlag geçirijileriň aýtmagyna görä, şu günki günde alymlaryň arasynda itleriň ilki-ilkiler haýsy maksat bilen eldekileşdirilendigi barada ýeke-täk gutarnykly pikir ýok. Ýöne adamyň we itiň dostlugy häzirki wagtdaky çak edilişinden hem has aňyrrakda bolup biler – diýip, barlag geçirijiler tassyklaýarlar.
Azatmyrat BABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.