Italiýada parlament saýlawlaryna ses berlişik tamamlandy. Ýurduň ähli ýerinde 4-nji martda saýlaw uçastoklary ýerli wagt bilen 23:00-da ýapyldy. “Corriere della Sera” gazetiniň habar bermegine görä, düzümine ozalky premýer-ministr Silwio Berluskoniniň “Öňe, Italiýa”, Matteo Salwininiň “Demirgazyk ligasy” we Jorjiýa Meloniniň “Italiýaly doganlar” partiýalary girýän sagçy bileleşigi Italiýanyň parlament saýlawlarynda sesleriň 37 göterimine eýe bolup, öňdeligi eýeleýär.
Garaşylyşy ýaly, bäsleşik üç syýasy güýçleriň arasynda dowam etdi. Maglumatlara görä, häzirki wagtda Berluskoniniň bileleşigi aşaky palatanyň saýlawlarynda sesleriň 37 göterimi bilen birinji orny, “Bäş ýyldyz” populistik hereketi sesleriň 32 göterimi bilen ikinji orny, çepçi Demokratik partiýa bolsa, sesleriň 25 göterimi bilen üçünji orny eýeleýär.
46,5 million raýat parlamentiň aşaky palatasynyň 630 wekiliniň, ýokarky palatasynyň 315 senatorynyň, şeýle hem, Lombardiýa we Lasionyň welaýat häkimleriniň saýlawlaryna ses berdiler. Saýlawlara 40 partiýa gatnaşdy. Partiýalaryň ýa-da bileleşikleriň hökümet düzmegi üçin hem-de parlamentde köp orny eýelemegi üçin 40 göterimden az bolmadyk sese eýe bolmagy zerur.
Şeýlelikde, geçen ýekşenbe güni Italiýanyň saýlaw uçastoklarynda milli parlamentiň her iki palatasynyň täze düzümini kesgitlemek üçin ýurduň ilaty ses berdi. Wekiller palatasyny 18 ýaşdan ulular, senatorlaryňkyny 25 ýaşdan ulular saýlaýarlar. Saýlawlara gatnaşygyň 73 göterime deň bolandygy bellenilýär.