Her bir güni ýokary üstünliklere beslenýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen milli ýörelgelere esaslanýan her bir toý-baýramy il agzybirliginde ýokary ruhubelentlik bilen belläp geçýär.
Nowruz halkymyzda jümle-jahanyň täzelenişi, täze işleriň badalgasy hasap edilýär. Pähimdar pederlerimiziň: “Nowruz gelse, buz durmaz, halady geçen – gyz”, “Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň – ýaz” diýşi ýaly, gyşyň öz ornuny ýaz paslyna bermegi bilen, tebigatda janlanyş döwri başlanýar. Bu döwürde daş-töwerek ýazyň bogun ýarýan ýyly demi bilen gurşalýar. Ýyly howanyň täsiri bilen daragtlar ak owuzly pyntyk ýaryp ýaprak ýaýsa, gojaman daglar ak ýorganyny serpip, möwjäp akýan sil suwlary ak ýaýlalary pagyş-para eredip, onuň süňňüne-süýegine dirilik deramatyny bagyş edýär. Dereleriň, ak ýaýlalaryň ýaşyl dona bürenmegi tebigata aýratyn gözellik çaýýar. Guş-gumrularyň saýrap, şahadan-şaha gonmagy, çöllerde sazak-selinleriň pür-pudak ýaýradyp, ýowşandyr köwreýigiň bozgunç ysynyň ýaýramagy adamlaryň dem alşyny görnetin ýeňilleşdirýär.
Nowruzyň gelmegi bilen gyşyň çillelerinden horugyp çykan çopan-çoluklaryň durmuşynda ýazlag döwri başlanýar. Ýazlagda ilkinji aladalar ak sähralaryň gujagyna goýun-guzulary seçmekden başlanýar. Şular ýaly ýagdaýlarda damar-deramatyna suw ýaýran ýaşyl otlar goýun-guzularyň ösüp-ulalmagyna ýardam edýär.
Ata-babalarymyzyň tebigata nazar salmak bilen döreden nakyllarynyň her biriniň aňyrsynda çuňňur many bar. Pederlerimiziň: “Nowruz geçiň şahyny ezse, hasyla garaş”, “Nowruz güni irden ýere gyraw düşse, toprak hasylly bolýar”, “Nowruz gijesi asman bulutly ýa-da dumanly bolsa, ýyl ygally gelýär”, “Nowruzda gar, ýagyş ýagsa, ýyl ygally-rysgally bolýar”, “Nowruzda baglaryň çybyklarynda damjalar hatar-hatar düzülşip dursa, miweli agaçlaryň hasylly boljagy” diýmegi-de çuňňur mana eýedir.
“Bahardaky hereket, güýzki – bereket” diýlişi ýaly, bahar pasly – bag-bakja, ekin-dikin işlerine badalgadyr. Bahar paslynyň ilkinji aýynda Nowruz baýramynyň yzysüre her ýylda ýurdumyzda köpçülikleýin ýaz ekişine girişilýär. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy martda geçirilen mejlisinde bu barada hasabat berildi. Döwletimiz tarapyndan oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, azyk bolçulygyny üpjün etmekde daýhanlaryň netijeli işlemegi, ene ýerden bol hasyl alyp, halal zähmeti bilen baýamagy üçin zerur şertleriň döredilmegi babadaýhanlarymyzyň zähmet üstünliklerini gazanmagyna giň mümkinçilik döredýär. 23-nji martda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda, 28-nji martda hem Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine girişmäge ak pata berler.
Hawa, bahar paslynda täze işlere, toý-baýrama beslenýän Nowruz özünde köp-köp aýratynlyklary jemleýär. Hakyň nazar salan türkmen topragy bu döwürde reýhana dönýär.
Goý, mähriban halkyna bagtyýar döwri bagyş edip, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, rysgal-döwletimiziň artyp, durmuşymyzyň özgermegi üçin gije-gündiz zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Serdar AKGAÝEW,
S.A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.