Angela Merkel Germaniýanyň kansleri wezipesine dördünji möhlete täzeden saýlandy. German Bundestagynyň deputatlarynyň köpüsi Angela Merkele ses berdiler. 14-nji martda Berlinde geçen maslahatda parlamentiň 709 wekilinden 364-si oňa ses berdi. Mundan ozal, Merkeliň kansler wezipesine täzeden saýlanmagy üçin Merkeliň dalaşgärligini ýurduň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýar öňe sürüpdi. Şeýlelikde, deputatlar hökümet düzmek boýunça Germaniýanyň taryhynda has uzaga çeken meseläni çözdüler. Parlamentiň maslahatynda kansleriň täzeden saýlanmagyny dowamly el çarpyşmalar bilen garşy aldylar. Merkel hormat münberine 89 ýaşly ejesi Gerlind Kastner we ýanýoldaşy Ýoahim Zauer bilen birlikde çykdy. Angela Merkel 2005-nji ýylyň 22-nji noýabryndan bäri kansler wezipesini eýeleýär. Kansler Bundestag tarapyndan 4 ýyl möhlet bilen saýlanýar. Ozal 4 möhlete diňe 1982-nji ýyldan 1998-nji ýyla çenli Germaniýany dolandyran Gelmut Kol saýlanypdy. Fewralyň ahyrynda geçirilen maslahatda Angela Merkeliň ýolbaşçylygyndaky Hristian demokratik bileleşigi özüniň Sosial demokratlar bilen bileleşigini hem-de ýurduň täze hökümetiniň düzülmegini makullapdy. 4-nji martda Germaniýanyň Sosial demokratik partiýasy Hristian demokratik bileleşigi we Hristian sosial bileleşigi bilen dolandyryjy bileleşigi düzmek barada özara ylalaşdylar.