Üstümizdäki ýylda Hytaý “ýaşyl” energiýanyň ösüşini tizleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada HHR-iň energetika boýunça Döwlet energiýa edarasy habar berýär. Edaranyň müdirliginiň neşir eden resminamasyna laýyklykda, 2018-nji ýylda ýurtda gidroenergiýa gorlaryny özleşdirmek we ulanmak, atom energiýasynyň ösüşini ynamly öňe ilerletmek, ýel we gün energiýasyny durnukly ösdürmek, bioenergiýany işjeň ösdürmek, tebigy gazyň ulanylyşyny tizleşdirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ozaldan ulanylyp gelýän energiýa çeşmelerini ýokary netijeli özleşdirmek meýilleşdirilýär. Resminamada anyk maksatlar meýilleşdirilip, şu ýylda ýurtda energiýanyň sarp edilişini 4,55 milliard tonna kömrüň ekwiwalentiniň çäklerinde saklamak göz öňünde tutulýar.