Halkara energiýa agentligi nebit bazarlarynyň geljekki ösüşi hakda mälim edip, ýakyn 5 ýylda dünýäniň nebite bolan isleginiň okgunly ösüşiniň dowam etjekdigini belleýär. Bu barada günorta amerikan şäheri Hýustonda geçen energiýa boýunça 5-nji maslahatyň çäklerinde mälim edildi. Halkara energiýa agentliginiň başlygy Fatih Birol žurnalistler bilen geçirilen metbugat konferensiýasynda ýakyn geljekki bäş ýylda nebit bazarynyň geljegi hakda belläp, nebitiň bahasynyň tiz ýokarlanmagyna garaşylýandygyny, onuň ýarysynyň bolsa, Hytaýyň we Hindistanyň ösýän islegleri bilen şertlenendigini nygtady.
Şeýle hem Kanada, Braziliýa, ABŞ we Norwegiýa ýaly OPEC guramasyna girmeýän nebit satýan ýurtlar ýakyn ýyllarda nebit çykarylyşynyň mukdaryny ep-esli artdyrar. Slanes nebitiniň çykarylyşynyň paýy yzygiderli ýokarlanar.
5–9-njy mart aralygynda ABŞ-nyň Hýustan şäherinde CERAWeek energiýa maslahatynda ABŞ-nyň energiýa ministri Rek Pirri ABŞ-nyň energiýanyň täze görnüşleriniň ösüşine uly ähmiýet berýändigini, şunuň bilen birlikde, tehnologik innowasiýany ulanmak arkaly ozaldan gelýän energiýa çeşmelerini ulanmagy dowam etdirmegi maksat edinýändiklerini mälim etdi. Bu geçirilen bäş günlük maslahata 3 müňden gowrak döwlet işgärleri we dünýäniň 50-den gowrak ýurdunyň energiýa pudagynyň wekilleri gatnaşyp, dünýäniň energiýa bazarynyň geljekki ösüşiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.