Hytaý şu ýylyň ikinji ýarymynda suwuň ýüzünden hem-de gury ýerden uçmaga we gonmaga ukyply dünýäniň iň iri AG600 kysymly uçaryny ikinji sapar synagdan geçirer. Bu barada HHR-iň awiagurluşyk kompaniýasy habar berýär. Suwuň ýüzünde dürli tizliklerde sürmek boýunça, şeýle hem gidrouçaryň suw syzdyrmaýanlygy we gabarasynyň garşy durujylygy synagdan geçiriler. Hytaýyň awiagurluşyk kompaniýasy tarapyndan döredilen AG600 uçary raýat awiasiýasynyň zerurlyklary üçin niýetlenendir.
Ol tokaýlarda ýüze çykýan ýangyna garşy göreşmek hem-de halas ediş işlerini geçirmek maksady bilen işlenip düzüldi. AG600 uçarynyň iň ýokary uçuş agramy 53,5 tonnadan ybarat. Gidrouçar 12 sagatlap 4,5 müň kilometr uzaklyga uçuşyny dowam etdirip, tizligini sagatda 500 kilometre çenli artdyryp bilýär. Uçaryň uzynlygy 37 metr, ganatynyň gerimi 38,8 metr. Onuň ýolagçy gatnatmaga hem-de ýük daşamaga niýetlenilen görnüşleri öndürilip, öz topary boýunça dünýäniň iň iri howa gämileri bolarlar. Uçaryň ilkinji synagy 2017-nji ýylyň dekabrynda geçirilipdi.