Singapur dünýäniň “akylly” şäherleriniň reýtinginiň başyny çekdi. Bu barada “Intel” korporasiýasy bilen konsalting kompaniýasy “Juniper Research”-iň bilelikdäki neşir eden beýanatynda mälim edilýär. Bu reýting internet tehnologiýasynyň ösüşini hem-de olaryň jemgyýetçilik durmuşynyň esasy ugurlaryna aralaşmagyny göz öňünde tutýar.
Barlagyň awtorlary maglumat tehnologiýalarynyň şäher hojalygyna, lukmançylyk hyzmatlaryna, jemgyýetçilik howpsuzlygynyň üpjünçiligine, şeýle hem önümçilige ornaşdyrylyşyny öwrendiler. Mysal üçin, beýanatda mälim edilişine görä, Singapurda hereket edýän transport akymlarynyň kompýuter dolandyryş ulgamy sürüjilere ýylda 60 sagadyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Şeýle hem Singapur lukmançylyk ulgamynda hem tehnologiýalary ulanmak babatda öňdeligi eýeledi. Şäher gartaşan adamlaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän, zerur halatynda gyssagly kömek bermek barada habar berýän dürli mobil enjamlary bilen üpjün etmekde uly üstünlikleri gazandy.
“Akylly” şäherleriň reýtinginiň ikinji ornuny London eýeledi. Ondan soňra amerikan şäherleri Nýu Ýork, San Fransisko we Çikago gelýär. Seul we Tokio degişlilikde, altynjy we sekizinji orunlary eýeleýärler.