Mongoliýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Damdiny Sogtbatar degişli ministrliklere Mongoliýanyň üç gymmatlygynyň ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girýändigini tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy. Bu barada Mongoliýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň beýannamasynda mälim edilýär.
Daur goraghanasy guşlaryň 236 görnüşi, süýdemdirijileriň 34 görnüşi we ösümlikleriň 236 görnüşi bilen ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň tebigy obýekti hökmünde, guramanyň 2017-nji ýylyň 2-12-nji iýuly aralygynda Polşada geçirilen 41-nji mejlisinde ykrar edilipdi.
Häzirki wagtda Mongoliýanyň milli muzeýinde saklanylýan “Mangol Danjur” diýlip atlandyrylýan ýüzi ýazgyly daş sütüni 2017-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilipdi.
Mongollaryň mukaddes ýerlere hormatynyň gadymdan gelýän däp-dessurlary 2017-nji ýylyň 4-9-njy dekabr aralygynda guramanyň Koreýa Respublikasynda geçen 12-nji mejlisinde ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň üstüni ýetiripdi.
Mongoliýanyň 3 milliondan gowrak ilatynyň 1,615 milliony zenan hasaplanýar. Zenanlaryň 67 göterimden gowragy şäher ýerlerinde, galan 33 göterimi bolsa, oba ýerlerinde ýaşaýar. Bu barada Mongoliýanyň Milli statistika komitetiniň beýannamasynda mälim edilýär. Statistika laýyklykda, mongol zenanlarynyň bäşden biriniň ýokary bilimi bar. Häzirki wagtda Mongoliýada 585 700 sany işleýän zenan bolup, mongol zenanlarynyň ortaça ýaş dowamlylygy 75 ýaşdan ybaratdyr.