39 ýaşly Andrija Zafiraku “Ýylyň mugallymy” diýen hormatly ada mynasyp boldy. Oňa bu sylag Dubaý şäherinde berildi. Zafiraku Londonyň demirgazyk-günbataryndaky Alpertonda ýerleşýän umumy bilim berýän britan mekdebinde sungat we dokma önümleri ugrundan sapak berýär. Ol ýerde ýönekeý maşgalalaryň çagalary okaýarlar. Gelip çykyşy grek bolan Zafirakunyň okuwçylary 35 dilde salam berýärler. “Olaryň ählisi meniň çagalarym” diýip, ol habarçylar bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy.
– Men okuwçylarymy alada bilen gurşap alýaryn. Bu her bir ynsana mahsus bolmaly zat. Men okuwdan soňra hem işimi dowam etdirýärin. Maňa okuwçylarymyň her biriniň durmuşy gyzykly. Olaryň haýsy birinde mesele ýüze çyksa, men elmydama kömege taýýar – diýip, Zafiraku gürrüň berýär.
Bu bäsleşige dünýäniň 170 ýurdundan müňlerçe mugallym gatnaşdy. Ýöne soňky tapgyra olaryň diňe onusy galdy. Ähli bäsleşige gatnaşyjylar çagalaryň oňat bilim alýanlygynyň aýdyňlaşdyryjy deliliniň diňe gowy mugallym bolup durýandygyny magat bilýärler.
“Dünýäniň iň gowy mugallymy” baýragynyň başyny başlaýjy milliarder Sanni Waki bolup, ol bu hünäriň at-abraýyny has-da belende galdyrmagy maksat edinýär. Bu hormatly derejä bir million dollar möçberinde baýrak berilýär.