“Ama­zon”-yň paý­na­ma­la­ry gym­mat­lan­dan soň­ra, Be­zo­syň baý­ly­gy 124 mil­liard dol­la­ra ýet­di we kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy mil­li­ar­der­le­riň sa­na­wyn­da bi­rin­ji or­ny eýe­le­di diýip, “Bloom­berg” agent­li­gi ýaz­ýar. Ikin­ji or­ny “Micro­soft” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Bill Geýts 91,6 mil­liard dol­la­ry, üçün­ji or­ny – ma­ýa­dar Uor­ren Baf­fet 86,2 mil­liard dol­la­ry bi­len eýe­le­di. “For­bes” žur­na­ly­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä bolsa, Jeff Be­zo­syň baý­ly­gy 122,9 mil­liard dol­la­ra ýet­di.
“Ama­zon”-yň paý­na­ma­la­ry ge­çi­ri­len söw­da­nyň ne­ti­je­sin­de, 1 gö­te­rim­den 1482,92 dol­la­ra çen­li gym­mat­la­dy, şu­nuň bi­len bir­lik­de, söw­da­nyň do­wa­myn­da 1503,49 dol­la­ra ýe­tip, il­kin­ji ge­zek 1,5 müň dol­lar bel­li­gi ýe­ňip geç­di. Ýy­lyň ba­şyn­da “Ama­zon”-yň paý­na­ma­la­ry­nyň nyr­hy 26,5 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Few­ral aýyn­da “Ama­zon” ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek ba­zar gym­ma­ty bo­ýun­ça “Micro­soft”-dan ozup, “App­le” we “Alp­ha­bet” (“Go­og­le”-a eýeçilik edýän hol­ding) ýa­ly dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki kom­pa­ni­ýa­la­ryň ara­syn­da üçün­ji or­ny eýe­le­di. “Ama­zon” dün­ýä­de iň iri on­laýn-ri­teý­ler bo­lup dur­ýar. Kom­pa­ni­ýa ABŞ-dan baş­ga-da Ka­na­da­da, Ýa­po­ni­ýa­da we Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da iş­le­ýär. In­ter­net dü­ka­ny “Ama­zon.com” 1995-nji ýy­lyň iýu­nyn­da dünýäde ilkinji bolup onlaýn kitap satuwyny ýola goýupdy. Ol häzirki wagtda dürli harytlaryň bölek söwdasyny internet arkaly amala aşyrýar.
Milliarderler sanawynda birnäçe ýyllap öňdeligi eýelän Bill Geýts häzire çenli 50 milliard dollar töweregi serişdäni haýyr-sahawat taslamalaryna gönükdiripdi.