Bel­gi­ýa­nyň Ant­wer­pen şä­he­rin­de ge­çi­ri­len söw­da­da bahasy 40 mil­li­on dol­la­ra barabar iň uly al­mazlaryň biri sa­tyl­dy. Bu barada Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň al­maz iş­läp çy­kar­ýan “Gem Dia­monds Ltd” kom­pa­ni­ýa­sy ha­bar ber­di. Bu al­maz şu ýy­lyň ýan­wa­ryn­da af­ri­kan pa­ty­şa­ly­gy Le­so­to­da­ky Let­seng mag­da­nyn­dan ta­pyl­dy. Oňa “Le­so­to­nyň ro­wa­ýa­ty” di­ýip at goý­du­lar.
“Gem Dia­monds” kom­pa­ni­ýa­sy onuň ulu­ly­gy­nyň 910 ka­ra­ta ba­ra­bar­dy­gy­ny, ba­ha­sy­nyň hem 12-nji mart­da ge­çi­ri­len Ant­wer­pen söw­da­syn­da 40 mil­li­on dol­la­ra deň bo­lan­dy­gy­ny mälim et­di.
Let­seng kä­ni “Gem Dia­monds”-yň we Le­so­to hö­kü­me­ti­niň bi­le­lik­dä­ki eýe­çi­li­gi­ne de­giş­li­dir. 2006-njy ýyl­da bu ýer­den dün­ýä­de al­maz çy­kar­ma­gyň bü­tin ta­ry­hyn­da ulu­ly­gy bo­ýun­ça 15-in­ji­si bo­lan “Le­so­to­nyň wa­da­sy” at­ly ag­ra­my 603 ka­rat bo­lan al­ma­zy tap­dy­lar.