Dünýä belli fransuz modaçysy Ýuber de Žiwanşi 91 ýaşynda aradan çykdy. 1927-nji ýylda Fransiýanyň Bowe şäherinde dünýä inen Žiwanşi meşhurlardan Odri Hepbern, Jeklin Kennedi, Greýsi Kelli hem-de Elizabet Teýlor ýaly zenanlaryň modaçysydy. Žiwanşi aýratynam, Odri Hepberniň “Tiffanide ertirlik” (Breakfast at Tiffany’s, 1961) filminde geýen gara eşigi bilen bütin dünýäniň ünsüni özüne çekipdi. Ol 1952-nji ýylda kosmetiki önümlerini hem-de egin-baş öndürýän dünýä belli “Givenchy” kompaniýasyny esaslandyrýar. Bu kompaniýa häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy moda şereketleriniň biri hasaplanýar.