Şu ýylyň 26-27-nji martynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkentde Owganystanda parahatçylygyň berkarar edilmegi bilen baglanyşykly halkara maslahat geçirildi. “Parahatçylyk işi: howpsuzlyk hem-de sebitleýin gatnaşyklar üçin hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahata Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystan boýunça ýörite wekili Tadamiti Ýamamoto, Ýewropa Bileleşiginiň halkara gatnaşyklary we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary komissary Federika Mogerini, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Eýranyň, Pakistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary syýasat ýolbaşçylary, dünýäniň 25 ýurdundan wekiliýetler hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Halkara maslahatyň öňýanynda “Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa” görnüşinde daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygy boldy. Oňa Ýewropa Bileleşiginiň halkara gatnaşyklary we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary komissary Federika Mogerini gatnaşyp, sebit hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň çäklerinde edilen çykyşlarda Owganystanda parahatçylygyň berkarar edilmegi, ýurduň ykdysady taýdan galkynmagy ugrunda tagallalaryň birleşdirilmegi barada köp sanly teklipler edildi. Şolaryň hatarynda Özbegistanyň Prezidentiniň Owganystanda bilim pudagynyň ösdürilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy babatda halkara gaznanyň döredilmegi barasynda öňe süren teklibini görkezmek bolar.
BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş maslahata gatnaşyjylara öz gutlag hatyny ýollady. Bu hatda maslahatyň Owganystanda parahatçylygyň üpjün edilmegine öz goşandyny goşjakdygy bellenip geçilýär. Şeýle hem BMG-niň Owganystanda durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ugrunda alnyp barylýan halkara tagallalary doly goldaýandygy hem-de ýokary baha berýändigi aýdylýar.
Owganystan Ýewraziýa sebitinde ýerleşip, strategik serhetüsti mümkinçilikleri bilen Merkezi Aziýanyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Sebitiň halklaryny taryhy, dini we medeni umumylyklar birleşdirýär. Parahatçylykly Owganystan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Hindi ummanynyň portlaryna we Pars aýlagyna gysga wagtda çykmaga, Hindistan, Eýran hem-de Pakistan üçin Ýewropa we beýleki ýurtlara barmaga mümkinçilik döredýär. Şonuň üçin bu ýurtdaky durnuklylyk we ösüş diňe Merkezi Aziýa ýurtlaryny däl, eýsem, tutuş sebitleri we beýleki ýurtlary hem gyzyklandyrýar.
Maslahatyň netijesi boýunça Daşkent jarnamasy kabul edildi. Jarnamada sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi, goňşuçylyk gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi ugrunda ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň berkidilmegi babatda ediljek tagallalar bellenip geçildi.