Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 26-28-nji marty aralygynda Müsür Arap Respublikasynda Prezident saýlawlary geçirildi. Ýurduň çäginde 13 müňden gowrak saýlaw uçastogy hereket etdi. 60 million saýlawçy ses bermek çäresine gatnaşdy. Saýlawyň jemleýji netijeleri 2-nji aprelde mälim ediler.
Ýöne deslapky maglumatlara görä, ýurduň häzirki Prezidenti Abdel Fattah as-Sisiniň 92 göterime golaý ses alyp, gaýtadan döwlet baştutanlygyna saýlanandygy anyklandy. Müsüriň raýatlary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesi üçin mynasyp ýolbaşçyny 2 dalaşgäriň birinden saýlady. Saýlawlara gatnaşmak hukugyna şu wagtky Prezident Abdel Fattah as-Sisi bilen “Al-Ged” partiýasynyň ýolbaşçysy Musa Mustafa Musa eýe boldy.
Saýlawlar döwründe 54 sany ýerli we 9 sany daşary ýurtly gurama saýlawlaryň geçiş tertibine gözegçilik etdi. Saýlawçylar 27 welaýatyň ählisinde ses bermäge gatnaşdy.