Ýaponiýanyň telekommunikasiýa kompaniýasy “Softbank Group” bilen Saud Arabystanynyň arasynda bahasy 200 milliard dollar möçberinde bolan Gün elektrik bekediniň taslamasy boýunça özara düşünişmek ähtnamasyna gol çekildi. Ýapon kompaniýasynyň baş müdiri Masaýoşi Son Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Mohammad ben Salman bilen ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde geçirilen gol çekişlik dabarasynda taslama barada maglumat berdi. Garaşylyşy ýaly, bekediň kuwwaty 2030-njy ýylda 200 gigawatta deň bolar. Bu taslama ýurtda goşmaça 100 müň täze iş ornuny döreder we elektrik energiýasynyň önümçiliginde 40 milliard dollary tygşytlamaga mümkinçilik berer.
Kompaniýa öňümizdäki 3-4 ýylda bu ýurtda 25 milliard dollara golaý maýa goýum özleşdirer. Munuň 15 milliardy Gyzyl deňziniň kenarynda guruljak Neom atly täze şäheriň gurluşygyna gönükdiriler. 10 milliardy bolsa “Saudi Electricity Co.” döwlet kärhanasy bilen ýurtdaky gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleriniň we Gün energiýasynyň mümkinçiliklerini öwrenmäge harçlanar.