Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron mekdebe çenli hökmany bilim reformasyny durmuşa geçirmek hakynda karara gol çekdi. Bu reformanyň indiki ýyl güýje girjekdigi mälim edildi. 2019-njy ýylyň sentýabr aýyndan başlap, 3 ýaşyndaky çagalaryň hökmany tertipde çagalar bagyna gatnadylmagy göz öňünde tutulýar. Bu barada “Le Monde” gazeti habar berýär.
Emmanuel Makronyň pikirine görä, mekdebe çenli hökmany bilim düzgüniniň girizilmegi ýurduň umumy bilim ulgamynda çagalar baglarynyň ornuny has-da ýokarlandyrar. 2015-2016-njy ýyllarda Fransiýada 3 ýaşyndaky çagalaryň 98 göterimi mekdebe çenli bilim edaralarynda sowat aldylar. Ýurduň sebitleri boýunça çagalar bagyna gatnamagyň görkezijisi dürli-dürlüdir. Paýtagt Parižde çagalaryň 93 göterimi çagalar bagyna gatnaýan bolsa, daşrak sebitlerde bu görkeziji 70 göterime deňdir.
Umuman, 1989-njy ýyldan bäri kiçi ýaşly fransuzlar 6 ýaşa çenli çagalar baglaryna gatnap, bilim alýarlar. Indi ýurduň Prezidentiniň degişli karary esasynda mekdebe çenli bilim hökmany ýagdaýyna getirildi.
Häzirki wagtda Fransiýada hökmany bilim 6-16 ýaş aralygyndadyr. Bu hökmany bilim düzgünlerini bozan ene-atalar 1,5 müň ýewro jerime töleýärler.