Dünýäniň iň uly gämisi hasaplanýan “Deňizleriň mukamy” (Symphony of the seas) ilkinji ýüzüşini amala aşyrýar. Ol Fransiýanyň Sen-Nazer port şäherinden Ispaniýanyň Malaga şäherine tarap ýola düşdi. Bu ýüzüşiň synag hökmünde amala aşyrylýandygy üçin oňa ýolagçy alynmady. “Deňizleriň mukamy” özüniň ilkinji ýolagçyly ýüzüşine 7-nji aprelde Ortaýer deňzinden başlar. Bu gäminiň gurluşygyna 3 ýyl gerek boldy. Amerikanyň “Royal Caribbean” syýahatçylyk kompaniýasynyň sargydy boýunça gurlan gäminiň uzynlygy 362 metre deňdir. Oňa 6800 ýolagçy ýerleşýär. Gäminiň hyzmatçylarynyň sany 2000-den gowrak. Akwapark, 10 gatly jaý, kinoteatr, ägirt uly tans meýdançasy, golf üçin kiçi meýdança, galyberse-de, buz meýdançasy bolan gäminiň gurluşygyna 1,3 milliard dollar sarp edildi.