Bri­tan şa­za­da­sy Har­ri­niň we onuň gelinligi Me­gan Mark­lyň toýuna 45 mil­li­on dol­lar tö­we­re­gi çyk­da­jy edi­ler. “Pa­ge Six” neşiriniň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, çyk­da­jy­la­ryň uly bö­le­gi da­ba­ra­nyň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­ler. Esasan hem, gel­niň toý lybasyna, hö­dür-ke­re­me we gül be­zeg­le­ri­ne 1,4 mil­li­on dol­lar harç­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ozal şa­za­da Wil­ýa­myň we Keýt Midl­to­nyň to­ýu­na 28 mil­li­on dol­lar tö­we­re­gi çyk­da­jy edi­lip­di.
Ni­ka da­ba­ra­sy 19-njy maý­da Wind­sor köşgünde ge­çi­ri­ler. Da­ba­ra myh­man hök­mün­de Ka­na­da­nyň prem­ýer-mi­nist­ri Jas­tin Trýu­do, ABŞ-nyň ozal­ky Pre­zi­den­ti Ba­rak Oba­ma we aýa­ly, Is­pa­ni­ýa­nyň ko­rol maş­ga­la­sy, şeý­le hem akt­ri­sa Mar­go Rob­bi, ozal­ky fut­bol­çy Dewid Bek­hem we aýa­ly, ten­nis­çi Se­re­na Wil­ýams we beý­le­ki­ler ça­gy­ryl­dy. Umu­man 600 tö­we­re­gi ça­ky­lyk haty ug­ra­dyl­dy. Toý dä­bi ta­mam­la­nan­dan soň­ra, Keramatly Ge­or­gi­ýa za­lyn­da şa ze­nany Ýe­li­za­we­ta II ta­ra­pyn­dan myhmanlara dabaraly nahar berler.