Yslam ösüş banky Tunise maýa goýum mümkinçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen 1,5 milliard dollar möçberinde maliýe kömegini berer. Bu barada Tunisiň ösüş, maýa goýumlary we halkara hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça ministri Ziýad Laadari habar berdi. 2-nji aprelde bankyň dolandyryjylar geňeşiniň 43-nji maslahaty öz işine başlady. Oňa hökümetleriň we ykdysady toparlaryň wekilleriniň müňden gowragy gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjylar sebitiň maýa goýumlaryny we ykdysady ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ministriň aýtmagyna görä, bu serişdeler bäş ýylyň dowamynda ýurduň gaznasyna gelip gowşar hem-de jemgyýetçilik pudaklaryna gönükdiriler. Mundan başga-da, bank Tunisde ylmy-tehniki innowasiýa gaznasyny döretmek üçin 500 million dollar möçberinde serişde bölüp berer. Bankyň ýolbaşçysy Bandar Hajar maliýe edarasynyň köpden bäri Tunisiň jemgyýetçilik ösüşine ýardam berýändigini belläp, häzire çenli elektrik üpjünçiligi, oba hojalygy we saglygy goraýyş ulgamlaryna 3,2 milliard dollar gönükdirilendigini aýtdy.
Şeýle hem ol bankyň Tunisiň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine ýardam bermäge, ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge hem-de ýurduň bäsleşige ukyplylygyny halkara derejesinde ýokarlandyrmaga kömek bermegi maksat edinýändigini belledi.