Fritaunadan gelip gowuşýan maglumatlara görä, Sýerra-Leonede geçirilen saýlawlarda Halk partiýasyndan ýeňiş gazanan dalaşgär Julius Maada Bio kasam kabul etdi hem-de öz wezipesine girişdi. Sýerra-Leoneniň milli saýlaw topary 4-nji aprelde Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerini mälim etdi. Julius Maada Bio “Ählihalk kongresi” partiýasyny dolandyrýan dalaşgär Samur Kamaradan üstün çykdy. Şondan soňra kasam kabul ediş dabarasy geçirilip, ol resmi ýagdaýda Prezident wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi. 31-nji martda geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Julius Maada Bio sesleriň 51,81 göterimine, Samur Kamara bolsa, sesleriň 48,19 göterimine eýe boldy. Bu saýlawlara gatnaşan saýlawçylaryň umumy sany 2,5 milliondan gowrak bolup, gatnaşyk 81, 11 göterime barabar boldy.