Hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän özgertmeler her bir türkmenistanlyda çäksiz alkyş duýgularyny döredýär. Adamlaryň uzakly gün çeken zähmetlerinden soň, medeniýetli dynç almaklary üçin medeniýet we sungat işgärleri hem täzeden-täze döwrebap eserleri döredip, teatryň sahnasy hem-de mawy ekran arkaly halk köpçüliginiň armasyny ýetirip durýarlar. Bu babatda Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi hem çetde durmaýar. Olar kino muşdaklaryny özleriniň döredýän täze döwrebap filmleri bilen begendirip durýarlar.
Ýakynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz baýramynyň dabaralanýan günlerinde birleşigiň döredijilik toparynyñ ýaş zehinli režissýory Arslan Eýeberdiýew bilen ýazyjy Ýazmyrat Şadurdyýewiň ssenarisi esasynda surata düşürilen “Mähekdaş” çeper filmi mawy ekran arkaly halk köpçüligine görkezildi.
Filmde sungat maşgalasyndaky bir waka beýan edilýär. Filmiň baş gahrymanlary Baýram bilen Göwher Türkmen Milli konserwatoriýasyny tamamlap, durmuş gurýarlar. Göwher aýdymçy bolup, işläp başlaýar. Soňra olaryň gyz perzendi dünýä inýär. Jennedem sazçylyk mekdebinde okap, ejesi ýaly aýdymçy bolmagy arzuw edýär. Ol mekdeplerinde geçirilýän medeni çärelerde hem çykyş edip, aýdym aýtmakda mugallymlarynyň öwgüsine mynasyp bolýar. Emma Jennediň kakasy Baýram gyzynyň aýdymçy bolmagyna çürt-kesik garşy bolýar. Ol hatda Jennediň mugallymyna hem gyzynyň aýdymçy bolmagyna garşydygyny bildirýär. Filmiň ahyrynda hemme zat aýan bolýar. Jennediň ejesi Göwher ýaş wagtlary köpçüligiň öňünde aýdym aýdanynda birden sesi gidýär. Ol çykgynsyz ýagdaýa düşýär. Ýogsam lukman Baýrama Göwheriň bokurdagynda güýçli bronhitiň bardygyny, ony bejertmän aýdym aýtmaly däldigini hem duýdurýar. Emma Baýram bu hakda Göwhere aýtmaýar. Bu ýagdaý bolsa, Göwheriň aýdym aýtmakdan daşlaşmagyna getirýär. Şol wakadan soň, Baýram gyzynyň hem ejesiniň düşen ýagdaýyna düşmezligi üçin gyzynyň aýdymçy bolmagyna garşylyk görkezýär…
Film paýtagtymyzyň gözel ýerlerinde surata düşürildi. Filmiň goýujy režissýory Arslan Eýeberdiýew, operatory Pälwan Geldiýew, suratkeşi Begmyrat Rejebow, saz bezegçisi Artyk Artykow, aýdymy ýerine ýetiren Selbi Tuwakgylyjowa dagy filmiň şowly çykmagy üçin ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini siňdirdiler.
Filmde dost-doganlyk, Watana we maşgala wepalylyk, durmuşda öz ornuňy tapmak, durmuşyň her hili kynçylykly ýollaryndan baş alyp çykmak ýaly oňat endikler öňe sürülýär. Hormatly Prezidentimiziň medeniýete we sungata goýýan sarpasy, halypa-şägirtlik ýollary barada aýdylyp, ýaşlaryň aýdym-saz sungatyna ýykgyn etmäge höwesekdikleri çeper beýan edilýär.
Filmde Türkmenistanyň halk artisti Nury Hudaýgulyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Göwher Muhammetgulyýewa, şeýle-de artistler Arslan Eýeberdiýew, Geldi Myratnazarow, Ejebaý Öwezjanowa, Guwanç Meläýew, Gülnar Bekdurdyýewa, Aman Döwletow, Nurmyrat Gylyjow, Toýly Allaýarow, Aýlar Ataýewa, Ahal Magtymgulyýew, Aýna Ýusupowa dagy çykyş edýärler. Ýeri gelende aýtsak, bu film ýaş zehinli kinorežissýor Arslan Eýeberdiýewiñ ilkinji döreden doly göwrümli çeper filmidir. Şonuň ýaly-da bu filmden soňra Arslanyň “Jadyly hasa” atly çeper filmi hem surata düşürendigini-de aýtmagymyz gerek. Bu film hem özüniň ýaşajyk muşdaklarynyñ şatlygyna şatlyk goşdy. Bu filmiň häzirki ýaşlarymyz üçin terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr.
Akmyrat Hojaberdiýew,
kino sungatyny öwreniji.