Şu ýylyň 20-nji oktýabrynda Owganystanda parlament we sebit saýlawlary geçiriler. Bu barada ýurduň Garaşsyz saýlaw geňeşiniň başlygy Gul Jan Badi Saýad habar berdi. Mundan ozalky parlament saýlawlary 2010-njy ýylda geçirilipdi. Nobatdaky ses berlişik 2016-njy ýylyň oktýabryna bellenipdi, ýöne saýlawlaryň wagty üýtgedilipdi.
“Bahrain News Agency” agentliginiň habar bermegine görä, Bahreýnde soňky ýyllaryň iň uly nebit-gaz ýatagy tapyldy. Bu ýatak gorlary boýunça häzirki hereket edýän nebit ýataklaryndan birnäçe esse uludyr. Täze ýatak Bahreýnde 1932-nji ýylda ýüze çykarylan ýatakdan soň, iň irisidir.
Kosta-Rikanyň Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Karlos Alwarado Kesada öňdeligi eýeledi. Ýokary saýlaw kazyýetiniň maglumatlaryna görä, býulletenleriň 100 göterime golaýy sanalandan soňra, “Raýat hereketi” partiýasyndan dalaşgär, ozalky ministr Karlos Alwarado sesleriň 60,66 göterimini eýeledi. Onuň bäsdeşi ýewengalistleriň deputaty Fabrisio Alwarado Munos bolsa, 39,34 göterim ses aldy. Kosta-Rikanyň Prezidenti her dört ýyldan saýlanýar. Döwletiň täze ýolbaşçysy 8-nji maýda wezipesine girişer. Kosta-Rikanyň Prezident saýlawlarynda 3,3 million töweregi saýlawçy ses berip, gatnaşyk 67 göterime deň boldy.
Azerbaýjanyň merkezi saýlaw geňeşi 11-nji aprelde geçiriljek Prezident saýlawlaryna 603 sany halkara synçynyň bellige alnandygyny mälim etdi. Saýlawlara halkara guramalarynyň 52 wekili gözegçilik eder. Azerbaýjanda boljak synçylar 54 ýurda wekilçilik eder. Şeýle hem saýlawlara 55 müň 965 sany ýerli synçy gatnaşar.
Hytaýyň Fuszýan welaýatynda gadymy farforyň 100 müň parçasyndan ybarat jaý guruldy. Bu öýi Sin dinastiýasynyň ak-gara tarelkalary, “Şunmeý” atly farfor pyýalalaryň 3 müňden gowragy hem-de 68 sany ak-gara farfor küýzeler bezeýär. Jaýyň üçegi bolsa, farfor plitalar bilen örtülen.
G20-niň maslahaty 2019-njy ýylyň 28-29-njy iýunynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriler. Ýaponiýanyň hökümeti 2019-njy ýylda G20-niň käbir ministrler derejesindäki duşuşyklarynyň geçiriljek ýerini kesgitledi. Şeýle hem, maliýe edaralarynyň we merkezi banklaryň ýolbaşçylarynyň maslahaty Fukuokede, DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahaty Aiti prefekturasynda, zähmet ministrleriniňki Masuýama şäherinde geçiriler. Syýahatçylyk ministrlikleriniň ýolbaşçylary Hokkaýdo adasynda, oba hojalyk edaralarynyň ýolbaşçylary bolsa, Nigatede duşuşarlar. 2019-njy ýylda “Uly ýigrimiligiň” maslahatyny geçirmek baradaky karar geçen ýyl Germaniýada geçirilen G20-niň liderleriniň duşuşygynda kabul edilipdir. Osaka Ýaponiýanyň ululygy boýunça üçünji şäheri bolup, 2,7 million ilaty bar.
Hindistanyň awiakompaniýasy “Jet Airways” amerikan awiagurluşyk kompaniýasy “Boeing” bilen 75 sany “Boeing 737 Max” uçaryny satyn almak barada ylalaşdy. Bu barada “Jet Airways”-iň beýannamasynda mälim edilýär. Sargydyň bahasy 8,8 milliard dollara barabar. Kompaniýa gazanylan ylalaşyklaryň şerti we möhletleri barada habar bermedi. “Jet Airways” awiakompaniýasy 1992-nji ýylda esaslandyrylyp, Hindistanda we dünýäde 65 ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar. Kompaniýanyň düzüminde “Airbus” we “Boeing”-iň 120 howa gämisi bar.
Ýapon telekommunikasiýa kompaniýasy “Softbank Group” dünýäniň iň iri ätiýaçlandyryş kompaniýasy bolan Şweýsariýanyň “Swiss Re AG”-yň 10 göterimden köp bolmadyk paýnamalaryny satyn alar. Bu barada “Swiss Re”-niň beýanatynda mälim edilýär. Soňky geçirilen söwdada “Swiss Re”-niň paýynyň 3,52 milliard dollara barabardygy belli boldy. Ýaponiýanyň “SoftBank Group” kompaniýasy 1981-nji ýylda Tokioda esaslandyrylyp, ululygy boýunça ýurduň aragatnaşyk operatory bolup durýar. “SoftBank”-yň brendi bilen telekommunikasiýa bazarynda 600-den gowrak kompaniýa işleýär. Kompaniýa 2000-nji ýyldan bäri “Alibaba” kompaniýasynyň iri paýdarlarynyň biridir. Şweýsariýanyň ätiýaçlandyryş kompaniýasy “Swiss Re” 1863-nji ýylda esaslandyrylan. Ştab-kwartirasy Sýurihde ýerleşýän bu kompaniýa, dünýäniň 25-den gowrak ýurdunda işleýär.