Şu ýylyň 11-nji aprelinde Azerbaýjanda Prezident saýlawlary geçirildi. Onda häzirki Prezident Ilham Aliýew saýlawçylaryň 86,09 göterim sesine eýe boldy. Bu barada Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Mazahir Panahow habar berdi. Ýurtda jemi 5,3 milliondan gowrak saýlawçy bolup, 4 million töweregi adam ses bermäge gatnaşdy. Döwlet ýolbaşçysynyň wezipesine jemi 8 dalaşgär bolup, Ilham Aliýew uly aratapawut bilen ýeňiş gazandy. Prezident saýlawlaryna ses berlişik ýurduň 5641 saýlaw uçastogynda geçirildi.
Häzirki premýer-ministr Wiktor Orbanyň ýolbaşçylygyndaky düzümine “Wengriýanyň raýat bileleşigi” – FIDES we Hristian-demokratik halk partiýasy girýän dolandyryjy partiýa sesleriň 49,5 göterimine eýe bolup, Wengriýanyň Döwlet ýygnagynyň nobatdaky ählumumy saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, Orbanyň tarapdarlary 199 agzadan 133-sine eýe boldular. Orban ilkinji gezek 1998-2002-nji ýyllarda Ministrler Kabinetine ýolbaşçylyk etdi. 2010-njy ýylda bu wezipä saýlanan Orban şondan bäri premýer-ministr wezipesini ýerine ýetirýär. Häzirki saýlawlardaky ýeňşi oňa häkimiýetiň başynda dördünji gezek galmaga mümkinçilik berýär.
Armen Sargsýanyň 9-njy aprelde dabaraly ýagdaýda Prezident wezipesine girişmegi we onuň kasam kabul etmegi mynasybetli Ýerewandaky Karena Demirçýan adyndaky Sport-konsert toplumynda Milli maslahatyň ýöriteleşdirilen mejlisi geçirildi. Täze hökümet düzülýänçä ozalky hökümetiň agzalary öz borçlaryny ýerine ýetirmegini dowam etdirerler.
Ýewrozolagyň ykdysady ösüşi ýokary depginler bilen ösmegini dowam etdirýär. Bu barada “S&P Global Ratings” agentliginiň bilermenleri mälim edýärler. Agentlik Ýewrozolagyň üstümizdäki ýylda jemi içerki önüminiň 2,3 göterime we 2019-njy ýylda 1,9 göterime deň boljakdygyny çaklaýar. Ösüşiň häzirki tapgyry has ýokary derejelere ýetip, inflýasion töwekgelçilikleri 2019-njy ýylyň ahyryna çenli gözegçilik astynda saklamaga ýardam berer diýlip, agentligiň beýanatynda bellenilýär.
Britan awiakompaniýasy “British Airways” şu ýylyň 1-nji maýyndan başlap, çagalary gatnatmagyň düzgünlerini üýtgedýär. Uçmaga rugsat berilýän çagalaryň ýaşy 12-den 14 ýaşa çenli artdyryldy. “British Airways” awiakompaniýasynyň wekilleri çagalary gatnatmagyň düzgünleriniň gaýtadan kadalaşdyrylmagynyň olaryň howpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdygyny belleýärler.
Hytaýyň aragatnaşyk operatory 2019-njy ýylda 5G tehnologiýany ornaşdyrmaga girişer. Bu barada “China Daily” gazeti Hytaýyň senagat we maglumat tehnologiýasy ministriniň orunbasary Sýo Ýueşanýa salgylanyp, habar berýär. Aragatnaşyk operatorlary, şol sanda “China Unicom”, “China Mobile” we “China Telecom” 2019-2020-nji ýyllarda şeýle ulgamy ornaşdyrmaga köpçülikleýin girişerler. Şeýle hem ýurtda 5G innowasion merkezleri dörediler.
Saud Arabystany ilkinji gezek Kann kinofestiwalyna özüniň birnäçe gysga metražly filmlerini hödürlär. Mälim bolşy ýaly, Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed ben Salmanyň Fransiýa saparynyň çäklerinde Fransiýanyň we Saud Arabystanynyň medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Onuň çäklerinde medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmak maksady bilen birnäçe ylalaşyklar gazanyldy. 71-nji Kann halkara kinofestiwaly şu ýylyň 8-19-njy maýynda geçiriler.
Dünýäniň iň iri farmasewtik kompaniýasy “Novartis” 8,7 milliard dollara ýa-da her paýnamasy üçin 218 dollara kliniki derejedäki gen terapiýasy üçin dermanlary işläp bejermek bilen meşgullanýan amerikan kompaniýasy “AveXis”-i satyn almak barada ylalaşyk gazandy. Kompaniýalaryň ikisiniň hem dolandyryjylar geňeşi bu geleşigi makulladylar. Onuň amala aşyrylmagyna ýylyň ortasynda garaşylýar. “AveXis” neýrodegeneratiw keselleriň dürli görnüşlerini bejermek üçin niýetlenen dermanlary işläp bejermek bilen meşgullanýar.
“Louis Vuitton Moët Hennessy” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda dördünji orny eýeläp, Ýewropanyň iň baý adamy boldy. Şeýlelikde, Bernar Arno “Inditex” ispan kompaniýasynyň ozalky ýolbaşçysy Amansio Ortegodan ozdurdy. “Bloomberg” agentligi fransuz milliarderiniň serişdeleriniň 70,7 milliard dollara deňdigini habar berdi. Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda “Amazon”-yň esaslandyryjysy Jeff Bezosdan, “Microsoft”-yň esaslandyryjysy Bill Geýtsden we amerikan işewüri Uorren Baffettden soň gelýär. Bu kompaniýa Fransiýanyň zynatly bezeglere ýöriteleşdirilen modalar öýi bolup, esasan hem, çemedanlary, torbalary, modaly egin-eşikleri we şuňa meňzeşleri öndürýär. Kompaniýa 1854-nji ýylda esaslandyrylypdyr.
Saud Arabystanynda 35 ýyldan gowrak wagtdan soňra kinoteatr açylýar. Kinoteatr şu ýylyň 18-nji aprelinde Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda öz gapylaryny giňden açar. Şol gün tomaşaçylara hemmeleriň ünsüni çeken “Gara babyr” amerikan filmi görkeziler. Häzir Saud Arabystanynyň hökümeti hytaý we amerikan kompaniýalary bilen tomaşa merkezleriniň köpçülikleýin gurluşygyna gol çekip, 2030-njy ýyla çenli ýurtda 350 sany kinoteatr gurmagy meýilleşdirýär. 1980-nji ýyllarda kinoteatrlar we beýleki güýmenje, dynç alyş ýerleri Saud Arabystanynda öz işini bes edipdi. Mundan ozal, zenanlara beýleki jemgyýetçilik ýerlerine erkin barmaga, şol sanda stadionlara, şeýle hem awtoulag sürmäge rugsat berlipdi.