Globallaşmak dünýäniň ähli halklaryna uly peýda getirýär. Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasy söwda aragatnaşyklaryna, açyklyga we globallaşmak prosesine ýardam bermegini dowam etdirýär. Bu barada Singapuryň maliýe ministri Heng Swi Kit mälim etdi. Singapurda maliýe ministrleriniň we ASEAN ýurtlarynyň Merkezi banklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň çäklerinde geçirilen metbugat konferensiýasynda Heng Swi Kit globallaşmakdaky ýaramaz täsirleri aradan aýyrmagyň dogry usulyýeti öz ykdysadyýetiňi daşary dünýä açmakdygyny belläp geçdi. Ol ykdysady aragatnaşyklardan, erkin we açyk söwdadan bähbit almak üçin zerur usullaryň gözleginiň ýurduň ykdysady gurluşyny gowulaşdyrmaga we maliýe gatnaşyklaryny berkitmäge çynlakaý ýardam berýändigini aýtdy.
ASEAN ýurtlarynyň maliýe ministrleriniň hem-de Merkezi banklaryň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň çäklerinde ASEAN-yň 2025-nji ýyla çenli ykdysady bileleşiginiň maksadynyň taslamasy tassyklandy. Bu ýere ýygnanan maliýe ministrleri hem-de Merkezi banklaryň ýolbaşçylary ASEAN ýurtlarynyň öz infrastrukturasynyň ösüşini berkidýändigini hem-de sebitiň makroykdysady we maliýe durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen bu ugurdaky zerur işleri alyp barýandygyny belläp geçdiler.
Bilelikdäki beýanatda ASEAN ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüşi 2017-nji ýylda 5,2 göterimden ybarat bolandygy, hem-de bu ösüşiň 2018-nji ýylda hem dowam etmek mümkinçiliginiň bardygy bellenip geçildi.