Şu ýy­lyň 8-11-nji ap­reli ara­ly­gyn­da Hy­ta­ýyň gü­nor­ta­syn­daky Haý­nan we­la­ýa­tyn­da Boao Azi­ýa fo­ru­my ge­çi­ri­lip, ol dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan 2 müň­den gow­rak myh­ma­ny bir ýe­re jem­le­di. Boao Azi­ýa fo­ru­my hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň we se­bi­tiň ýüz­be-ýüz bol­ýan dür­li me­se­le­le­ri­ni çöz­mek üçin wa­jyp gu­ra­ma­dyr. Bu fo­rum­da ma­li­ýe, ylym, teh­ni­ka, blok­çeýn, öza­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek, gur­lu­şyk, inf­rast­ruk­tu­ra, söw­da we wal­ýu­ta sy­ýa­sa­ty ýa­ly dür­li me­se­le­le­r ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Hy­ta­ýyň re­for­ma açyk­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň 40 ýyl­ly­gy­na ga­bat­la­nan bu forumyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­na­şan HHR-iň baş­ly­gy Si Szin­pin glo­bal­laş­ma­gyň äh­li ýurt­la­ryň umu­my bäh­bi­din­den ugur al­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Ol öz çy­ky­şyn­da Hy­ta­ýyň re­for­ma we açyk­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň ga­za­nan­la­ry­na, onuň dün­ýä­dä­ki äh­mi­ýe­ti­ne, tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da Hy­ta­ýyň da­şar­ky dün­ýä açyk­ly­gy­ny öňe iler­let­mä­ge we re­for­ma sy­ýa­sa­ty­ny çuň­laş­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
BAF özü­niň esas­lan­dy­ry­lan gü­nün­den bä­ri, Azi­ýa­nyň ösü­şi­ne gö­nük­di­ri­len se­bit ara­gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len äh­li ta­gal­la­la­ry­ny or­ta goý­ýar. Bu fo­rum “Açyk, in­no­wa­si­on Azi­ýa we gül­läp ös­ýän dün­ýä” di­ýen şy­gar as­tyn­da ge­çi­ri­lip, onuň çäk­le­rin­de “Glo­bal­laş­mak” we “Bir zo­lak, bir ugur”, “Açyk Azi­ýa”, “In­no­wa­si­ýa” we “Tä­ze re­for­ma­lar” ýa­ly mow­zuk­lar­da 60-dan gow­rak mej­lis­ler ge­çi­ril­di.
BAF dö­re­di­len gü­nün­den bä­ri 17 ýy­lyň do­wa­myn­da öz ge­rimi­ni he­mi­şe gi­ňeld­ýär we tä­si­ri­ni çuň­laş­dyr­ýar. Bu fo­ru­ma di­ňe bir Azi­ýa­nyň myh­man­la­ry däl, eý­sem, Awst­ri­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Alek­sandr Wan der Bel­len, Ni­der­land­la­ryň prem­ýer-mi­nist­ri Mark Rýut­te, BMG-niň baş sek­re­ta­ry An­to­nio Gu­ter­reş, Hal­ka­ra Pul Gaz­na­sy­nyň pre­zi­den­ti Kris­tin La­gard we beý­le­ki­ler gat­naş­dy­lar. Şeý­le­lik­de, öz ge­ri­mi­ni bar­ha gi­ňeld­ýän Boao Azi­ýa fo­ru­my Hy­ta­ýy dün­ýä bi­len bir­leş­dir­ýän köp­ri bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Tä­ze baş­ly­gy Pan Gi Mun bol­dy
BMG-niň ozal­ky baş sek­re­ta­ry Pan Gi Mun Boao Azi­ýa fo­ru­my­ (BAF) ge­ňeşi­niň baş­lyk­ly­gy­na saý­lan­dy. Mun­dan ozal, bu we­zi­pä­ni Ýa­po­ni­ýa­nyň ozal­ky prem­ýer-mi­nist­ri Ýa­suo Fu­ku­da ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­di. Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Li Bao­du­nyň BAF-yň baş sek­re­tar­ly­gy­na bel­le­ni­len­di­gi ba­ra­da BAF ge­ňeş­i­niň tä­ze dü­zü­mi­niň mas­la­ha­ty­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça ne­şir edi­len be­ýa­nat­da mä­lim edil­ýär.
BAF-yň her ýyl­da ge­çi­ril­ýän mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de Hy­ta­ýyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň di­rek­to­ry Çžou Sýo­çu­an Hy­ta­ýyň bu ge­ňeş­­dä­ki baş we­kil­li­gi­ne saý­lan­dy. BAF-yň düz­gün­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ol we­zi­pe­si bo­ýun­ça Ge­ňeşiň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry we ag­za­sy bo­lup dur­ýar. Ge­ňeşiň tä­ze dü­zü­mi 19 adam­dan yba­rat bo­lup, ola­ryň 12-si tä­ze saý­la­n­dy. Ozal­ky ýo­ka­ry we­zi­pe­li döw­let ýol­baş­çy­la­ry, işe­wür­ler hem-de Azi­ýa­nyň we dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ry­nyň gör­nük­li we­kil­le­ri Boao Azi­ýa fo­ru­my­nyň tä­ze ag­za­la­ry bol­du­lar.
2001-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan Boao Azi­ýa fo­ru­my döw­le­te de­giş­li däl hem-de söw­da mak­sat­ly bol­ma­dyk gu­ra­ma bo­lup, onuň işi­niň mak­sa­dy se­bi­tiň yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şy­gy­ny iler­let­mä­ge we Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ösüş mak­sat­na­ma­la­ryna ýardam et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.