2016-njy ýyl­da Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na ra­ýat­ly­ga ka­bul edi­len­le­riň sa­ny­nyň 995 müň bo­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di. Ýew­ro­pa­nyň sta­tis­ti­ka eda­ra­sy­nyň (Eu­ros­tat) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, bu gör­ke­zi­ji 2015-nji ýyl­da 841 mü­ňe, 2014-nji ýyl­da 889 mü­ňe ýe­tip­dir. Iň köp ra­ýat­ly­ga ka­bul edi­len­ler ma­rok­ko­ly­lar (101 300), al­ban­lar (67 500), hin­di­ler (41 700) we pa­kis­tan­ly­lar (32 900) bo­lup­dyr. Ma­rok­ko­ly­la­ryň 89 gö­te­ri­mi Is­pa­ni­ýa­dan, Ita­li­ýa­dan we Fran­si­ýa­dan ra­ýat­lyk alyp­dyr. Al­ban­la­ryň 97 gö­te­ri­mi Ita­li­ýanyň we Gre­si­ýa­nyň ra­ýat­ly­gy­na ka­bul edi­lip­dir. Hin­di­le­riň 60 gö­te­ri­mi we pa­kis­tan­ly­la­ryň 50 gö­te­ri­mi Ang­li­ýa­nyň ra­ýat­ly­gy­na ge­çip­dir. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za Ru­my­ni­ýa­dan we Pol­şa­dan beý­le­ki Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ýurt­la­ry­na de­giş­li­lik­de, 29 700 we 19 800 adam ra­ýat­ly­ga alyndy. Ang­li­ýa­dan ag­za ýurt­la­ra ge­çen­le­riň sa­ny 6 555-e deň bo­lup­dyr. Bu gör­ke­zi­ji 2015-nji ýyl­da 2 500 ba­ra­bar bo­lup­dyr. Tür­ki­ýä­niň 32 müň 800 ra­ýa­ty­na ra­ýat­lyk hu­ku­gy ber­lip, ola­ryň 50 gö­te­rim­den gow­ra­gy Ger­ma­ni­ýa­ny saý­lap­dyr.