Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy­nyň (BSG) ag­za­ly­ga ka­bul et­mek bo­ýun­ça de­par­ta­men­ti­niň mü­di­ri Çi­du Osak­we­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet ýur­du­myz­da sa­par­da bol­dy. Olar ýur­du­my­zyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de du­şu­şyk ge­çir­di­ler. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da öza­ra bäh­bit­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da iş­jeň gep­le­şik­ler ge­çi­ri­lip, söw­da-yk­dy­sa­dy ul­ga­myn­da­ky ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.

Onuň çäk­le­rin­de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa et­mä­ge we döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, uly göw­rüm­li dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ry we tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sa­ty­nyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da dur­lup ge­çil­di.
Şeý­le hem ta­rap­lar ýur­du­my­zyň bu gu­ra­ma ag­za bol­ma­gy bi­len bag­ly me­se­le­le­ri öw­ren­mek bo­ýun­ça hö­kü­met to­pa­ry­nyň işi ba­ra­da­ky me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek­de müm­kin­çi­lik­le­riň giň sa­na­wy ba­ra­da aý­dyp, Çi­du Osak­we gu­ra­ma­nyň Baş di­rek­to­ry­nyň ha­ty­ny gow­şur­dy.
Türk­me­nis­tan 2013-nji ýyl­da bu hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň ag­za­sy bol­mak üçin gep­le­şik­ler ge­çir­mä­ge baş­la­dy. Mu­nuň üçin hö­kü­me­t ko­mis­si­ýa­sy dö­re­dil­di. Bu ab­raý­ly gu­ra­ma ag­za bol­mak Türk­me­nis­tan üçin tä­ze ýol­la­ry açar we Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­gy­na we ös­dür­me­gi­ne go­şant goş­jak hal­ka­ra bäs­le­şi­ge ukyp­ly­ly­gy art­dyr­mak üçin müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­der. 1995-nji ýyl­da dö­re­di­len bu gu­ra­ma ag­za bo­lan ýurt­la­ryň sa­ny 162-ä ýet­di. Ştab-kwar­ti­ra­sy Že­ne­wa­da ýer­leş­ýän bu gu­ra­ma ag­za döw­let­le­riň ara­syn­da hal­ka­ra söw­da­ny iş­jeň­leş­dir­mek hem-de sy­ýa­sy-söw­da gat­na­şyk­la­ry ug­ruk­dyr­mak we­zi­pe­le­ri­ni alyp bar­ýar.