Türkmenistanyň başlangyjy bilen indi 200 ýyl bäri ulanylýan hem-de ýönekeý, elýeterli, ygtybarly, ekologiýa taýdan arassa ulag görnüşi bolan welosipediň adamzat durmuşyndaky orny uly ähmiýete eýe boldy. Şeýle hem milli Liderimiziň taýsyz tagallasy esasynda BMG-niň çäklerinde täze baýramçylyk döredi. Ol hem adam saglygyna peýdaly bolan Bütindünýä welosiped günüdir.
Dünýä metbugatynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen diplomatiýasynyň gazanan nobatdaky ýeňişleri giň seslenme döretdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde milli Liderimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanan dünýä jemgyýetçiligi üçin uly ähmiýete eýe bolan halkara başlangyçlar esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen Kararnamalar giňden beýan edildi. Makalalarda 12-nji apreliň Türkmenistanyň ýakyn taryhynda ýatdan çykmajak waka bolandygy mälim edildi.
Şol gün dünýä jemgyýetçiligi türkmen tarapynyň birbada iki halkara başlangyjyny goldap çykyş etdi. Bu başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatda bolsa, BMG tarapyndan degişli Kararnamalaryň kabul edilendigi bellenip geçildi. Türkmenistanyň Bütindünýä welosiped güni başlangyjy üçin 56 ýurduň, Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky başlangyjy üçin 19 ýurduň awtordaş bolup çykyş edendigi metbugat makalalarynda bellenip geçildi.
Şeýle hem makalalarda Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanda sportuň ähli görnüşi bilen bir hatarda welosiped sportunyň hem sazlaşykly ösüşe eýe bolandygy mälim edilýär. Türkmenistanda bu sporty ösdürmek üçin ähli şertler döredildi. Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde üsti ýapyk dünýäniň iň uly welotrek binasy guruldy. Şeýle hem ýurtda yzygiderli ýagdaýda köpçülikleýin welosiped ýörişleri geçirilýär. “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda-da “Amul – Hazar 2018” atly welosiped ýaryşyna hem badalga berildi.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen dünýä jemgyýetçiliginiň 3-nji iýuny – Bütindünýä welosiped güni hökmünde ykrar etmegi mynasybetli dünýädäki welosiped sportuna degişli gyzykly ýaryşlar barada okyjylarymyza maglumat bermegi makul bildik.
Ilkinji welosport bäsleşiginiň 1868-nji ýylyň 31-nji maýynda Parižde geçirilendigi taryhy çeşmelerde bellenilýär. Bu ilkinji bäsleşikde angliýaly Jeýms Mur ýeňiş gazanypdyr. Ol özüniň agaçdan ýasalan welosipedi bilen 1200 metr aralygy hemmelerden öň geçipdir. Ýeri gelende aýtsak, Jeýms Muruň şol welosipedi häzirki wagtda Angliýanyň Kembrijşaýr şäherindäki muzeýde saklanýar. Welosport sport ýaryşlarynyň naýbaşysy bolan tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sport görnüşidir. Hatda welosport 1896-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän ähli tomusky Olimpiýa oýunlarynyň sanawyna alnan 5 sport görnüşiniň biridir. Çydamlylygy, çeýeligi, kynçylyklara döz gelmegi talap edýän welosport ýaryşlary dürli ugurlar boýunça geçirilýär. Adaty ýol ýaryşlary, welokross, mauntenbaýk, trek bäsleşikleri hem-de BMX fristaýl bäsleşikleri boýunça welosport ýaryşlary guralýar. Olar hem wagt esasynda, ýokary tizlik esasynda, şol sanda kriterium bäsleşikleri ýaly dürli görnüşlere bölünýär. Welosport Belgiýa, Daniýa, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Gollandiýa, Ispaniýa, Şweýsariýa, ABŞ, Lýuksemburg, Awstraliýa, Hytaý hem-de Beýik Britaniýa ýaly döwletlerde has giňden ýaýrandyr.
Halkara welosipedçiler bileleşigi
Halkara welosport ýaryşlary Halkara welosipedçiler bileleşiginiň (UCI, Union Cycliste Internationale) guramaçylygynda geçirilýär. Bu gurama 1900-nji ýylyň 14-nji aprelinde Belgiýanyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Şweýsariýanyň hem-de Italiýanyň gatnaşmagynda Parižde döredilýär. Häzirki wagtda HWB-niň merkezi edara binasy Şweýsariýanyň Egl şäherinde ýerleşýär. Bileleşigiň prezidenti fransiýaly Dewid Lappartient bolup, ol geçen ýylyň sentýabrynda bu wezipä saýlandy. 172 döwlet HWB-niň agzasy. Bileleşigiň resmi dilleri fransuz we iňlis dilleridir. Halkara welosipedçiler bileleşiginiň 2 sany uly bölümi, şahamçasy bar. Olar Halkara höwesjeň welosipedçiler federasiýasy (FIAC) bilen Halkara professional welosipedçiler federasiýalarydyr (FICP). Birinjisiniň merkezi edarasy Rimde (Italiýa), beýlekisiniňki bolsa, Lýuksemburg (Lýuksemburg) şäherinde ýerleşýär. Halkara welosipedçiler bileleşigi 2 şahamçasyny-da utgaşdyryjy hökmünde çykyş edýär. Welosportuň dürli görnüşlerinden ýol, trek, mauntenbaýk, BMX boýunça professional hem-de höwesjeň erkek we zenan welosipedçileriň arasynda Dünýä çempionatlary hem-de Dünýä Kubogy ýaryşlary Halkara welosipedçiler bileleşiginiň guramaçylygynda geçirilýär.
“Monuments” – nusgawy bir günlük ýaryşlar
Welosportda ýol ýaryşlary 1868-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Günbatar Ýewropada uly meşhurlyga eýe bolan ýol ýaryşlary-da dürli görnüşlerde, dürli tapgyrlarda bolýar. Şolaryň biri-de nusgawy gündelik ýaryşlar bolup, olara umumylykda “Monuments” bäsleşikleri diýilýär. Ýol bäsleşikleriniň arasynda bir günde tamamlanýan onlarça bäsleşik bar. Nusgawy bir günlük bäsleşikleri 5 sany ýaryşdan ybaratdyr. Olar Milan – San Remo (mart aýynda), “Tur Flandri” (apreliň 1-nji ýekşenbesinde), Pariž – Rube (apreliň 2-nji ýekşenbesinde), Liež – Baston – Liež (apreliň soňky ýekşenbesinde), hem-de “Žiro di Lombardi” (sentýabryň aýagyna ýa-da oktýabryň başyna) bäsleşikleridir. Milan – San Remo 1907-nji ýylda, “Tur Flandri” 1913-nji ýylda, Pariž – Rube 1896-njy ýylda, iň gadymysy bolan Liež – Baston – Liež 1892-nji ýylda hem-de “Žiro di Lombardi” 1905-nji ýylda başlady. “Nusgawylaryň şazadasy” ýa-da “Demirgazygyň dowzahy” diýilýän Pariž – Rube ýaryşy özüniň kynçylykly, daş düşelen ýodalary bilen tanalýar. Bu 5 ýaryşyň hersi 250–300 kilometr aralygyndadyr. Bir möwsümde 5-sinde ýeňiş gazanan ýok. Ýöne dürli möwsümlerde 5 ýaryşda-da ýeňiş gazanmak diňe 3 türgene, belgiýaly welosipedçiler – Eddi Merkse, Rože de Wlaminke hem-de Rik Wan Loýa miýesser etdi.
“Gran tur” ýaryşlary
Welosport boýunça dünýäde 3 sany adaty ýol ýaryşy – “Gran tur” bäsleşikleri bolup, olar “Tur de Frans”, “Žiro d’Italiýa” hem-de “Wuelta Ispaniýa” bäsleşikleridir. Bulardan başga-da, onlarça adaty ýol ýaryşlary bar. Ýöne iň naýbaşylary ýokarda ady agzalan bäsleşikler bolup, olardanam öňe saýlanýany “Tur de Frans” ýaryşydyr. “Gran tur” ýaryşlarynyň üçüsinde-de çempionlyk gazanmak diňe 6 türgene başartdy. Belgiýaly Eddi Merks 11, fransiýaly Bernar Inon 10, fransiýaly Žak Anketil 8, ispaniýaly Alberto Kontador 7, italiýaly Feliçe Jimondi 5, italiýaly Winçenzo Nibali 4 gezek “Gran tur” ýaryşlarynda ýeňiş gazandy. Üç ýaryşy bir ýylda gazanan welosipedçi bolsa, häzilikçe ýok.
Mauntenbaýk
Mauntenbaýk welosport ýaryşlary ýolsuz, ýodasyz, daglyk ýerlerde, gaýalarda geçirilýär. Özboluşly welosipedleriň ulanylýan mauntenbaýk ýaryşlarynyň kross-kantri XC, daunhill, aphill, akrobatik hereketler, dýort, enduro, baýker-kross (4X) ýaly görnüşleri bar. Mauntenbaýk boýunça ilkinji ýaryşlar 1970-nji ýyllarda geçirilip başlanýar. Ol 1996-njy ýylda-da Olimpiýa oýunlarynyň sanawyna alyndy. Ekstremal sportlaryň hataryna hem girýän mauntenbaýk ýaryşlary aýratynam ABŞ-da uly meşhurlyga eýedir. HWB-niň garamagynda mauntenbaýkyň her görnüşinden 1990-njy ýyldan bäri her ýyl Dünýä çempionatlary hem-de Dünýä kubogy ýaryşlary geçirilýär.
Trek ýaryşlary
Ýörite gurlan welodromlarda geçirilýän welotrek bäsleşikleriniň soňky ýyllarda şöhraty has-da artýar. Beýleki ýurtlar bilen bir hatarda, welosportuň bu görnüşi biziň ýurdumyzda-da uly meşhurlyk gazanýar. “Aşgabat – 2017”-niň maksatnamasynda bar bolan trek ýaryşlary welosportuň Olimpiýa görnüşidir. Trek ýaryşlarynyň sprint, omnium, medison, skretç, keýrin, git, toparlaýyn, yz çalyş ýaly görnüşleri bar. Ilki-ilkiler welodromlar adaty ýol ýaryşlaryna gyşda-da taýýarlyk görmek üçin gurlupdyr. Ýöne soňlugy bilen, özbaşyna aýratyn welosport görnüşine öwrülýär. Çydamlylygy we ýokary tizligi talap edýän trek ýaryşlary Günbatar Ýewropada has giňden ýaýrandyr. Trek ýaryşlary boýunça HWB-niň guramagynda Dünýä çempionaty 1893-nji ýyldan, Dünýä kubogy-da 1993-nji ýyldan bäri geçirilýär.
Welosiped barada gyzykly maglumatlar:
Welosiped sözüni ilkinji bolup, 1817-nji ýylda fransiýaly baron Karl won Drez ulanypdyr. Latynça “velox” (tizlikli, zynatly) we “pedes” (ýöreýiş, hereket) sözlerinden emele gelýär.
Dünýäde iň köp welosiped Hytaýda bolup, 1,3 milliard ilaty bolan bu ýurtda 450 milliondan gowrak adam yzygiderli ýagdaýda welosiped münýär.
Ýer şarynda iň köp welosiped münýän ýurtlar hökmünde Hytaý, Gollandiýa, Daniýa, Ýaponiýa, Şwesiýa, Bangladeş döwletleri görkezilýär.
Dünýäde welosiped önümçiliginiň bazar gymmaty 70 milliard dollara golaý bolup, her ýylda 150 million töweregi welosiped satylýar. Welosiped önümçiliginde Hytaý 66 göterim bilen öňde barýar.
Dünýäniň iň köp welosiped ulanylýan ýurtlarynyň biri bolan Gollandiýada 17 milliondan gowrak ilat ýaşaýar. Bu ýurtdaky welosipedleriň sany bolsa, 19 milliondanam köpdür. Gollandiýada ilatyň 36 göterimi işe welosipedli gatnaýar. Bu döwletde 35 müň kilometrdenem gowrak uzynlykda welosipedlere niýetlenen ýörite “Fietsstraat” diýilýän ýollar bar.
Gollandiýanyň Amsterdam şäherine “Dünýäniň iň gowy welosipedli şäheri” diýilýär. 850 müň ilatyň ýaşaýan şäherinde 1,2 milliondan gowrak welosiped bar.
Gollandiýanyň iri şäherlerinden Utrehtde 2014-nji ýylda dünýädäki iň uly welosiped duralgasy gurlup ulanylmaga berildi. Merkezi demir ýol menziliniň ýanyndaky bu duralganyň bahasy 48 million ýewro bolup, oňa birwagtda 12,5 müň welosiped ýerleşýär.